MAKALA

Yhlas bilen bilim berer mugallym

Adam eşretli durmuşda ýaşamak üçin zähmet çekýär. Aslynda, zähmet ynsan üçin edil howa, iýmit ýaly hökmany zerurlyk. Zähmetiň hem dürli görnüşi bar, dürli hünärler, kärler bar. Olaryň sany müňlerçe, ýöne iň hormatlylarynyň we gadymylarynyň biri mugallymçylykdyr. Ynha, şol hormatly käriň eýesi bolup, «mugallym» adyny buýsanç bilen göterýändigimiz üçin biz bagtlydyrys.

Mu­gal­lym — aja­ýyp at. Bu hor­mat­ly adyň ha­ky­ky eýe­si bol­mak üçin öz bi­li­mi­ni art­dy­ryp, ýaş nes­li döw­re­bap, so­wat­ly edip ter­bi­ýe­le­mek ug­run­da jan çek­me­li. Se­bä­bi, bu onuň baş we­zi­pe­si. Mu­gal­lym okuw­çy­la­ryň gö­zün­de kyn zat­la­ryň ýe­ňil­lik bi­len höt­de­sin­den gel­ýän yn­san. Okuw­çy­lar üçin onuň ab­ra­ýy, sy­lag-hor­mat­y öl­çär­den ag­ram­ly gel­ýär. Okuw­çy üçin ata-ene­si­niň sö­zün­den mu­gal­ly­myň sözü­niň has-da tä­sir­li bol­ýan­dy­gy­ny biz gün­de­lik dur­muş­da gö­re-gö­re gel­ýä­ris. Meş­hur şa­hyr Ke­rim Gur­ban­ne­pe­sow “Mu­gal­ly­myň sö­zi” at­ly goş­gu­syn­da şeý­le bel­le­ýär:

Mugallymyň sözi — Watanyň sözi,

Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun.

Mugallymyň sözi kanun mekdepde,

Mugallymyň sözi öýde-de kanun.

Öz kä­ri­ne hem-de okuw­çy­la­ry­na söý­gi­ni özün­de jem­län mu­gal­lym kä­mil­dir. Mu­gal­lymyň äh­li gu­wan­jy onuň okuw­çy­la­ry­dyr. Mugal­ly­myň äh­li yh­la­sy-da, zäh­me­ti-de onuň ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren okuw­çy­la­ry bi­len öl­çelýär. Şu ýer­de oňa de­giş­li şeý­le­räk bir dur­muş wa­ka­sy­ny ge­tir­mek is­le­ýä­rin.

Mek­de­be oku­wa bar­jak ça­ga­sy­na iň go­wy mu­gal­ly­my saý­la­ma­gy ni­ýet edi­nen maş­ga­la ahy­ry ony ta­pyp­dyr. Ir bi­len gar­ry­ja ata­sy öz ag­ty­gy­ny şol mek­de­be alyp gi­dip­dir we mekde­biň how­lu­sy­na gi­ren­den, ony ara­kes­me­de da­şa­ry çy­kan okuw­çy­lar gur­şap­dyr. Ep-es­li wag­tyň do­wa­myn­da da­şyn­da gy­gy­ry­şyp, ylga­şyp ýö­ren ça­ga­la­ry gö­ren ýa­şu­ly ulu­dan dem alyp­dyr.

Yn­ha, ahy­ry jaň se­si eşi­di­lip, her kim öz okuw ota­gy­na gid­ýär. How­ly bo­şap gal­ýar. Ata­sy ag­ty­gy­nyň elin­den tu­tup:

— Sa­ňa baş­ga­rak mek­de­bi göz­lä­ýe­li — diýip, ony alyp gaýd­ýar.

Ata­sy ýe­ke özi ýe­ne bir­ki mek­de­be bar­ýar we­lin, edil şol ýag­daý gaý­ta­lan­ýar. Ahy­ry ýol ug­run­da­ky ki­çi­jik mek­de­biň howlu­syn­dan ba­ran­da, jaň ka­ky­lyp ça­ga­lar da­şa­ry çyk­ýar.

— Ba­ba, si­ziň ýag­da­ýy­ňyz go­wu­my, bel­ki suw ge­tir­me­li­dir? — di­ýip, bir ça­ga ses­len­ýär. Yz­ýa­ny baş­ga bir ça­ga dil­len­di:

— How­ly­myz­da otur­gy­jam bar, ge­çip otura­ýyň!

— Mu­gal­ly­my ça­gy­ryp ge­lä­ýe­ýin­mi? — diýip, ça­ga­la­ryň üçün­ji­si mu­gal­lym­lar ota­gy­na ta­rap ýö­nel­di. Tizara how­la ýaş mu­gal­lym çyk­dy. Ýa­şu­ly sa­lam­dan soň:

— Ahy­ry go­wy mek­de­bi tap­dym — di­ýip, ýyl­gyr­dy.

— Sag bo­luň, ýö­ne mek­de­bi­miz ki­çi he­mem en­tek kä­mil­li­ge ta­rap ym­tyl­ma­ly ýe­ri­miz köp.

Ýa­şu­ly mu­gal­lym bi­len yla­la­şyp, er­tir ag­tygy­ny ge­tir­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ag­şa­ma­ra og­lan­jy­gyň ka­ka­sy ol mek­de­biň hem-de mu­gal­ly­myň go­wu­dy­gy­na ikir­jiň­lenen-de, ýa­şu­ly:

— Mu­gal­lym­la­ry okuw­çy­syn­dan ta­na­ýar­lar — di­ýip, jo­gap be­rip­dir.

...Adam öm­rü­niň do­wa­myn­da dür­li dö­wür­ler bi­len ýüz­leş­ýär. Aý­dy­ly­şy ýa­ly, dö­wür­ler dön­ýärler, döw­ran­lar do­lan­ýar­lar. Dür­li za­ma­na bi­len ýüz­le­şen adam­lar ola­ry deňeş­di­rip, bi­ri-bi­ri­niň par­hy­ny öl­çe­ýär­ler, neti­je çy­kar­ýar­lar.

Yn­ha, biz bu gün özü­mi­ze Ber­ka­rar döw­letiň mu­gal­ly­my di­ýip, buý­sanç bi­len aýd­ýa­rys. «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­tin­de çap edi­len Sa­ýat et­ra­by­ndaky 33-nji or­ta mek­de­biň türk­men di­li we ede­bi­ýat mu­gal­ly­my Gü­lüs­tan Döwle­to­wa­nyň şu se­tir­le­ri aý­dy­lan­la­ry tas­syk­lap, mil­li bi­lim ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän her bir mu­gal­ly­myň ýü­re­gi­ne jüňk bol­ýan­dyr:

Her gün säher ak mekdebe ýörämde,

Öz saýlan kärime söýgi dörände,

Watanymy täç eýleýän depämde,

Berkarar döwletiň mugallymy men.

Tä­ze okuw ýy­ly baş­la­nar. Tä­ze güýç, tä­ze zäh­met joş­gu­ny bi­len baş­lanýan okuw ýy­ly­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­ne tüýs ýü­rek­den ynan­ýa­rys. Se­bä­bi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ga­za­nyl­ýan ösüş­ler, ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler bi­ziň ýo­lu­my­za nur saç­ýar, ýag­ty gel­je­gi, aja­ýyp dur­mu­şy şert­len­dir­ýär.

Köňül MAMALIÝEWA,

Türkmenbaşy etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy.

  • 24
  • 01.09.2019