MAKALA

Çempionlar ligasynyň iň gowulary we toparlaýyn bijeler

UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy­nyň do­wa­myn­da ýa­ryş­da ge­çen möw­sü­mde ta­pa­wut­la­nan oýun­çy­la­r hem mä­lim edil­di. Çem­pi­on “Li­wer­pu­lyň” go­rag­çy­sy Wir­gil Wan Deýk su­per ýyl­dyz­lar Lio­nel Mes­si (“Bar­se­lo­na”) we Kris­tia­no Ro­nal­do­dan (“Ýuwentus”) öňe saý­la­nyp, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ge­çen möw­sü­miň iň go­wy oýun­çy­sy diý­lip saý­lan­yldy. Ol iň go­wy go­rag­çy baý­ra­gy­na-da la­ýyk gö­rül­di. Şeý­le-de Wan Deý­kiň to­par­da­şy, bra­zi­li­ýa­ly Al­li­son Be­ker iň go­wy der­we­ze­çi, “Aýaks­dan” “Bar­se­lo­na” trans­fer bo­lan Fren­ki De Ýong iň go­wy ýarym­go­rag­çy baý­rak­la­ry bi­len sy­lag­lan­dy. 12 gol bi­len ne­ti­je­li oýun­çy­la­ryň sanawyn­da 1-nji ýe­ri eýe­län ar­gen­ti­na­ly su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si iň go­wy hü­jüm­çi diý­len ugurda, Ro­nal­do we Sa­dio Ma­ne­den (“Li­wer­pul”) öňe saý­lan­dy. Ol bu hor­ma­ta 2-nji ge­zek mynasyp bol­dy. Şeý­le-de bir wagt­la­ryň ýyl­dyz fut­bol­çy­sy, fran­si­ýa­ly Erik Kan­to­na UEFA Preziden­ti­niň ýö­ri­te baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di.

2019/2020 möwsüminiň Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleriniň netijeleri

Ýakynda, 2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda UEFA Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bijesini geçirdi.

Çempionlar Ligasynyň 2019/2020 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijesi Monakoda bolup geçdi. Onuň netjileri toparlaýyn tapgyrlar boýunça şu aşakdakylardan ybarat.

A: «PSŽ», «Real», «Brýugge», «Galatasaraý».

B: «Bawariýa», «Tottenhem Hostpur», «Olimpiakos», «Srwena Zwezda».

C: «Mançester Siti», «Şahtýor», «Dinamo» (Zargeb), «Atalanta».

D: «Ýuwentus», «Atletiko», «Baýer», «Lokomotiw».

E: «Liwerpul», «Napoli», «Zalsburg», «Genk».

F: «Barselona», «Borussiýa» (Dortmund), «Inter», «Slawiýa».

G: «Zenit», «Benfika», «Lion» «RB Lepsing».

H: «Çelsi», «Aýaks», «Walensiýa», «Lill».

Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň duşuşygynyň birinji döwri 17-18-nji sentýabrda geçiriler we dekabr aýynyň 10-11-de boljak 6-njy döwrüň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary bilen tamamlanar.

  • 16
  • 01.09.2019