MAKALA

Ajaýyp gyz-roboty özüniň ilkinji çykyşyny berdi

Gonkongda Geminoid F atly gyz-roboty özüniň ilkinji çykyşyny görkezdi. Robot professor Hiroşi Işiguronyň baştutanlyk etmeginde Ýaponiýanyň Osaki uniwersitetinde döredildi. Ýakynda bu professor bahasy 1,2 million dollar bolan android görnüşli enjamlary döredipdi. Geminoid F beýlekilere garanda has arzan we onuň bahasy bary-ýogy 110 müň dollara deňdir. Gyz-roboty örän pikirli, aljyraňňy ýagdaýda görünenine garamazdan ol gülüp, gaşlaryny ýygyryp we dodaklaryny hereketlendirip bilýär.

Şeýle hem ol gürläp, aýdym aýdyp we ýazgylary ýerine ýetirip ýa-da adamlaryň seslerini ýazgy edip bilýär.

Geminiod F adamyň ýüzüniň 65 hereketine öýküner ýaly 12 sany howanyň basyşy esasynda işleýän awtomat sim geçirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr. Profesor Işiguro birnäçe adampisint robotlaryny taýýarlandyr, şol sanda ol özüniň ekiz taýyny hem taýýarlady.

Alymyň çaklamagyna görä, geljekde adamlar robotlary hakyky ynsandan bir bada tapawutlandyryp bilmezler.

  • 23
  • 01.09.2019