MAKALA

Serhet institutynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabarasy

Şu gün ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Serhet institutynda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Onda watansöýüjilik duýgusyny dabaralandyrýan nusgalyk taryhy şahsyýetlerimiziň keşpleri janlandyrylyp, dabaranyň milli öwüşginiň has-da täsirli bolmagyna itergi berildi. Çäräniň barşynda harby talyplaryň edebi-çeper kompozisiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy, onda ýurt goragçysyna mahsus goşgularyň, ganatly sözleriň, okuw durmuşyny beýan edýän sahnalaryň uly joşgunly ýerine ýetirilmegi, “Türkmen edermenleriniň” ýörite görkezme çykyşlarynyň görkezilmegi dabaranyň täsirini artdyrdy. Ondaky her bir ýaýbaňlanan çykyşlar edermenlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk, merdemlik ýaly duýgy-düşünjeleri öz içine alyp, ata-baba türkmeniň ganyna siňen häsiýetleriniň milli öwüşginde döwrebap nusgasyny dabaralandyrdy. Onuň yzy bilen sepleşip giden aýdym-sazly çykyşlar bolsa, çäräniň dowamlylygyna özboluşly şowhun çaýdy.

Döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamynyň bu günki ýeten derejeleri biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Şeýle uly buýsanja, asylly ýörelgelere, döwletimiziň içeri we daşary syýasatlaryna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan Serhet institutymyzyň professor-mugallymlary, harby talyplary Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň ahyrynda özleriniň ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz söýgüsini alkyş sözleriň üsti bilen beýan etdiler.    

Garahanjar BAÝHANOW.

  • 47
  • 02.09.2019