MAKALA

Güýz ýetip gelýär

(goşgular toplumy)

17

17-de galan göwün

Bu gün ýadyrgap dur güýz keşp otuzdan.

Çykyp gelýär başy elwan ýaglykly,

Ýylgynlary gojalyşan atyzdan.

 

17-de galan göwün

Ýyllaň aňyrsynda atýar owsuny.

Gelýär ol käbämiň köne tamdyrna

Arkasyna atyp tamdyr towsuny.

 

17-de galan göwün

Kä çola gijeler girýär düýşüme.

Özün tapman arasyndan arzuwlaň,

Soňam siňip gidýär güýzleň ýagşyna.

 

17-de galan göwün,

Mawy gözýetimde dönýär salgyma.

Durmuşyma deň gelmedik arzuwlam

Gülberinde alyp gelýär alnyma.

 

17-de galan göwün

Käte-käte dörüp köne samanym,

Ýatlamadan girip gidýär ýüregme,

Didaryn göterip eziz kakamyň,

17-de galan göwün!..

 

Güýz ýetip gelýär...

Dünýäni kem-kemden tutup sarylyk,

Güýz ýetip gelýär.

Ýapraklar şahadan gaçýar saralyp,

Güýz ýetip gelýär.

 

Synlamaga uly dünýäň hezzetin,

Ýatlamalar berip yşkyň ezýetin,

Barha-barha ýakynlaşyp gözýetim,

Güýz ýetip gelýär.

 

Monjuk eýläp ak säherleň dürlerin,

Galam sanyp durnalaryň perlerin,

Küýsäp agraslygyn tanyş ýerleriň,

Güýz ýetip gelýär.

 

Şapaklaň reňňini giň dünýä çaýyp,

Syrly gijäň köňli deýin ajaýyp,

Şol tanyş köçeden saçlaryn ýaýyp

Güýz ýetip gelýär.

 

Synyndan aslyşyp çigrek ýelleriň,

Ýyldyzlara ýetirjek deý ellerin,

Dünýäsine bu mähriban illeriň

Güýz ýetip gelýär.

***

Sen maňa: «Garaş» diýipdiň,

Diýipdiň: «Bararyn güýzde.

Toýnuk guranda durnalar,

Mawumtyl gögüň ýüzünde».

 

Sen maňa: «Garaş» diýipdiň,

«Baglar dökende ýapragyn.

Dünýäň sarymtyl dumany

Üstüne çökse topragyň».

 

Sen maňa: «Garaş» diýipdiň,

«Ýaganynda ak ýagyşlar.

Hyýallara güýzüň demi

Çekende täsin nagyşlar».

 

Sen maňa: «Garaş» diýipdiň,

«Säher, şam çigräp başlasa.

Agraslygy tanyş ýerleň

Duýgudan gözüň ýaşlasa».

 

Sen maňa: «Garaş» diýipdiň,

«Güýz gelende obamyza».

Gör, indem bizi duşurjak

Bu güýzler öwrülip barýar,

Ah, kem-kemden tobamyza...

Aknur Rozyýewa

  • 64
  • 03.09.2019