MAKALA

Dünýä çempionaty – 2022: Şri-Lanka bilen Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy Saud Arabystanyly eminler topary eminlik eder

Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynda duşuşýan Şri-Lanka bilen Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny Saud Arabystanyly eminler topary eminlik ederler.

Duşuşygyň baş emini FIFA-nyň emini Mohamed Al Hoiş bolar. Oňa ildeşleri FIFA-nyň kömekçi eminleri Alumri Fahad Awaýdh bilen Heşam Alrefai kömekleşerler. Ätiýaçdaky eminiň wezipesini FIFA-nyň emini Şukri Hasan Alhunfuş ýerine ýetirer.

Eminleriň gözegçisi siriýaly Mohamad Basel Alhajar, komissary hindistanly Suwrat Sureş Tatte bolar.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa yklymynyň saýlama tapgyrçasynyň «H» toparçasynda çykyş edýän Şri-Lankanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 5-nji sentýabrda Kolombo şäheriniň «Colombo Racecourse Sports Complex» stadionynda geçiriler.

  • 22
  • 03.09.2019