MAKALA

Şöhratly Nusaýda Isgenderiň yzlary

Belli serkerde Aleksandr Makedonskiniň ömri, pelsepesi, harby sungaty we jahanşalygy barada ençeme kitaplaryň, ylmy monografiýalaryň ýazylandygyna, kinofilmleriň düşürilendigine seretmezden, adamzat nesli Aleksandryň yzlaryna dahylly täze maglumatlaryň ýüze çykarylmagyna garaşýar.

Miladydan öňki 356-323-nji ýyllarda ýaşap geçen, Makedoniýanyň patyşasy bolan Aleksandr baradaky ençeme hekaýatlardyr rowaýatlar dünýäniň dürli döwletleriniň edebi eserlerinde müdimilik orun alypdyr. Oňa bagyşlanan eserleriň has giňden ýaýrany XII asyryň meşhur şahyry Nyzamy Genjewiniň «Isgendernama» eseri bolup, ondaky «Şerefnama» we «Ykbalnama» diýlip atlandyrylýan iki bölümdäki wakalar gönüden-göni Isgenderiň türkmen topragyndaky yzlary bilen baglydyr.

Bu eseriň «Şerefnama» bölümi Isgenderiň doglan gününden başlap, ençeme ýurtlary eýeleýşi, Gündogar ýurtlarynyň ykbalynda serkerdäniň tutýan orny we onuň Rime dolanyp gelşi baradaky wakalaryň beýanyny öz içine alýar. «Ykbalnamada» bolsa, Isgenderiň halypasy Aristotelden hem-de kakasy Filip II alan sapaklary we ylym-bilimi esasynda emele gelen pelsepesi açylyp görkezilýär. Belli serkerde barada antiki döwürde hem-de orta asyrlarda ýazylan şu we beýleki eserlerde Gündogarda Isgender Zülkarneýn ady bilen meşhur bolan Aleksandr Makedonskiniň goşunynyň Türkmenistanyň günbatar etraplaryndaky dagetek düzlüklerinden geçip, Parfiýanyň çäklerine aralaşýandygy, miladydan öňki 330 – 329-njy ýyllaryň gyş paslyny Köpetdagyň etegindäki Täze Nusaý galasynda geçirendigi ýazylýar.

Şan-şöhrata beslenen şu waka Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda täzeçe röwüş hem-de çuňňur ylmy nazaryýet bilen beýan edilýär: «Alymlaryň tassyklaýşy ýaly, Aleksandr Makedonskiniň goşuny gündogara süýşmek bilen b.e.öň 330—329-njy ýyllaryň sowuk aýlarynda Nusaýda gyşlamagy makul bilipdir. Aleksandr bu ýeriň ýaýlalarynyň gözelligine hem-de ajaýyp nusaý bedewleri ýetişdirilýän täsin tebigatly dag derelerine haýran galypdyr. Käbir çaklamalara görä, beýik makedon serkerdesiniň rowaýata siňen Busefal atly şa bedewi hut şu nusaý atlaryň tohumyndan döräpdir».

Etnografiýa ylmynda Isgenderiň beýik gurujy hem-de çuňňur paýhasly akyldar, dörediji bolandygy öwran-öwran ykrar edilýär. Hatda onuň öz eýelän şäherlerinde abadanlaşdyryş, gurluşyk işlerini geçirmek bilen, Gündogar şäherlerine täze ykbal bagyş edendigi ylmy işlerde tekrarlanýar. Şoňa görä-de, dünýäniň çar künjünde Aleksandropol, Aleksandriýa, Isgender ýaly oba-kentleriň, taryhy-arheologiýa ýadygärlikleriniň ýüzlerçesi bar.

Professor Ö.Gündogdyýewiň pikiriçe, Aşgabadyň günortasyndaky Täze Nusaý galasy Aleksandr Makedonskiý tarapyndan miladydan öňki 330—329-njy ýyllarda öňki galanyň ýerinde gurulýar hem-de oňa Aleksandropol (Aleksandryň şäheri) diýlip at goýulýar. Belli arheolog T.Hojanyýazowyň tassyklamagyna görä, Miladydan öňki IV asyrda Margiana Aleksandr Makedonskiý tarapyndan eýelenýär. Bu ýerde Aleksandr Margianasy şäheri esaslandyrylýar. Şäheriň galyndysy häzirki wagtda Erkgala diýlip atlandyrylýar. Şu arheologiýa ýadygärliginde Isgender Zülkarneýniň döwrüniň binagärlik galyndylaryny öwrenen özbek arheology Z.Usmanowa Erkgalanyň gorag diwarynyň belli bir böleginiň hakykatdan-da, Aleksandr Makedonskiniň döwründe dikeldilendigini hem-de gurlandygyny arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde subut etdi.

Ussat serkerde Isgender ertekilerde waspy ýetirilýän, täsinliklere baý Gündogar medeniýetiniň öňünde baş egýär. Gündogaryň hoştap howaly tebigatyna, datly naz-nygmatyna ýokary baha berýär. Munuň özi, Gündogar halklarynyň ruhy dünýäsinde Isgenderiň hormatynyň barha artmagyna getirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda: «Alymlar Arrianyň, Plininiň, Diadoryň, Plutarhyň we beýleki antik awtorlaryň maglumatlaryna esaslanyp, Aleksandr Nusaýda gyşlanda «Gündogara aşyk bolupdyr» diýip çaklaýarlar. Munuň şeýledigini serkerdäniň bu şäherde bolanda ýerli halkyň milli lybaslaryny geýmegi, olaryň däp-dessurlaryny berjaý etmegi hem tassyklasa gerek. Emma bu ýagdaý onuň egindeşleri tarapyndan gaty bir goldaw tapmandyr, şol sebäpli-de, ýyl ýazgylaryny ýöredijiler öz beýanlarynda: «Aleksandr Gündogary tabyn etdi, Gündogar – Aleksandry!» diýip ýazypdyrlar» diýip, belleýär. Dünýä meşhur pelsepeçi Aristoteliň elinde çagalygyndan tälim-terbiýe alan, edep-ekram öwrenen Isgenderiň ylma, edebiýata, taryha, etnografiýa goýan hormatynyň öran ýokary bolandygy barada ylmy edebiýatlarda öwran-öwran agzalýar. Beýik serkerdäniň köşk diwanynyň düzüminde, eýelän ýurtlarynyň milli baýlyklary, ruhy däpleri barada ylmy maglumatlary toplap, kitaplary ýazan etnografaryň bolandygy hem munuň şeýledigini tassyklaýar.

(Dowamy bar)

Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.

  • 23
  • 03.09.2019