MAKALA

Smartfonuň dolandyrmagynda işleýän protez – I Limb

Protezlemek işleri häzirki döwürde ep-esli derejede giňden ýaýbaňlanyp başlady. Bu günki güň iň soňky işläp çykarylan protez I-Limb hasaplanýar, ony diňe bir myşsalaryň kömegi bilen dolandyrmak mümkin bolman, eýsem özüňdäki smartfon bilen hem dolandyryp bolar.

Munuň üçin dürli ýumuşlar we hereketleriň ýygyndysy bilen düzülen programma taýýarlanandyr. Ony ulanyjylara diňe bar bolan programmany öz smartfonuna gurnamak galýar. Programmanyň soňky üýtgeşmesine 21 sany dürli görnüşli hereketler girizilendir. Onlaýynyň üsti bilen dürs dolandyrylan ýagdaýynda I-Limb penjesini burmaga, kompýuter klawiaturasynda hat ýazmaga, köwşüň bagjygyny daňmaga we dürli zatlary daşamaga ukyplydyr.

 

  • 23
  • 03.09.2019