MAKALA

Internet maglumatlaryny ysa öwürýän enjam – Olly

Olly – bu biziň kompýuterlerimize gelýän ähli habarlary ysa öwrüp bilýän seýrek enjamdyr. Poçtadan gelen hat, RSS ýollamasy, twitterden gelen hat ýa-da a-mail tapawudy ýokdur. Bu enjam ping kodlarynyň esasynda işleýändir. Ýakynda bu enjamy taýyn görnüşde satyn alyp ýa-da 3D nusga ediji printerlerinde özbaşdak hem taýynlap bolar. Bu enjamy döredijileriň Mint Digital studiýasy iki bölege bölünendir. Olaryň biri Nýu-Ýorkda beýlekisi bolsa Londanda ýerleşýändir.

Bu enjamyň islendik ysly önümi (meselem: efir ýagy, gök-önümleriň bölejikleri, ýa-da içilýän suwlaryň damjajyklaryny)  goýup bolýan ýörite oturdylýan bölümi bardyr.

Olly-nyň görnüşini siziň özüňiz isledigiňizçe saýlamaga mümkinçiligiňiz bar. Şeýle hem bu enjamlaryň bir näçe görnüşini birine jemläp, maglumatlaryň görnüşine laýyk ysy duýup bilersiňiz.

  • 17
  • 04.09.2019