MAKALA

Şöhratly Nusaýda Isgenderiň yzlary

(Dowamy)

Türkmen alymy N.Gullaýewiň ýazmagyna görä: «Aleksandr Makedonskiý Nusaýa gelende, onuň kätibi Hares Mitilinli tarapyndan söýgini we wepadarlygy dabaralandyrýan «Zeririň hatyrasyna düzülen dessan», «Hurma agajy we geçi» ýaly poemalary ýazga geçirilýär. Bu eserler diňe bir mazmun taýdan däl, eýsem eýýäm şol zamanlarda türkmen topragynda poeziýanyň kämil derejede ösendigine aýdyň şaýatlyk edýär».

Aleksandr Makedonskiniň gadymy Nusaýa gelşi barada şeýle mazmunly rowaýat hem bar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, dünýäni sarsdyryp gelýän Isgender Zülkarneýn Nusaýa golaýlaşanda, ýerli ilat onuň bilen darkaş gurmalymy ýa-da hezzetläp garşy almaly diýen meseläni maslahat edipdir. Olaryň içinde bir goja: «Adamlar! Nusaýy halas etmegi maňa ynanyň» diýip, orta çykypdyr. Nusaýlylar paýhasly gojanyň maslahatyna eýerip, Isgenderiň gelmeginiň bir gün öňünden şäheri taşlap, çöle siňipdirler. Isgender Nusaýa golaýlaşanda, çaparlar bu ahwal barada jahanyň şasyna habar beripdirler. Täsin habar Isgenderi biynjalyk edipdir. Ol garry bilen duşuşmaga özi gaýdypdyr, geläge-de garrynyň öňünde Güne böwet bolup duruberipdir. Ol gojanyň şäherde ýönelige ýeke özüniň galan däldigini aňyp:

— Eý, goja, men ýüzlerçe ýurdy aldym. Men-men diýen patyşalar maňa boýun boldy, paç töledi. Ýöne ömrümde agyr leşgeriň öňünden seniň ýaly ýeke gojany çykaran halka duş gelmedim. Mertlik menden galsyn, aýt dilegiňi — diýipdir. Garry goja:

— Eý, jahan patyşasy, meniň artykmaç dilegim ýok. Men häzir güne çoýunyp otyryn. Bir dilegim, Günüň öňünden aýrylsaň bolýar — diýipdir.

Garrydan bu sözi eşiden Isgender halypasy Aristotele ýüzlenip:

 — Eý, halypam! Men jahanda senden soň ikinji dana kişä duşdum. Ol ýeke söz bilen ýurduny, halkyny, ar-namysyny halas etdi. Ol bir söz bilen:

— Eý, Isgender! Sen dünýäni alyp, Güne perde bolup bilmersiň — diýdi. Şol gojanyň parasatly sözi üçin hem Nusaýdan sowlup geçmegi buýurýaryn — diýip, goşunyň ýüzüni başga ugra öwrüpdir.

Görnüşi ýaly, nusaýly pederlerimiz grek-makedon goşunlaryny parahatçylykly kabul edýärler. Muňa jogap edip Aleksandr Makedonskiý eýelän şäherlerinde parahatlygy we goraglylygy üpjün etmek maksady bilen uly bolmadyk harby goşuny galdyrypdyr.

Parfiýada ellin we ýerli medeniýetiň utgaşmasy has çeper we köp öwüşginli medeni däpleriň döredilip, dünýä medeniýetiniň barha baýlaşmagyna getirýär. Munuň aňyrsynda, Aleksandr Makedonskiniň Gündogar medeniýetine goýan beýik hormaty durupdyr. Bu barada pikir ýüwürdeniňde hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky sözler bada-bat kalbyňa dolýar: «Miladydan öňki 330-329-njy ýyllaryň gyş aýlarynda Parfiýa şalygynda düşlän Aleksandr Makedonskiý nusaý sazandalarynyň aýdym-sazlaryny diňläpdir, raks-tanslaryna tomaşa edipdir. Rowaýata görä, «Ýelpeselendi» – «Nar agajy» sazy jahan şasyna has ýaranmyş».

Görnüşi ýaly, ýaş, dogumly serkerde tarapyndan esaslandyrylan, ilkinji gezek Günbatar bilen Gündogary birikdiren imperiýanyň ömri gysga bolan hem bolsa dünýäniň taryhynda öçmejek yz galdyrýar. Alymlar tarapyndan parasatly hökümdar Aleksandryň täze ýüze çykarylýan yzlary adamzat nesilleri üçin nätanyş bolan maglumatlary berýändigi üçin örän arzylydyr. Şu makalada Isgenderiň diňe şöhratly Nusaý bilen bagly yzlary barada söz açdyk. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde saklanyp galan maglumatlary jemlesek, olaryň özbaşyna bir kitaby emele getirjekdigi ikuçsuzdyr. Taryhymyzyň süňňüne eriş-argaç bolup siňen şeýle etnografik baýlyklarymyz Isgender Zülkarneýn barada ýeterlik maglumatlar beýan edilmän gelinýän dünýä taryhynyň syrlaryny açmaga ýardam eder.

Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.

  • 21
  • 04.09.2019