MAKALA

Polşada geçirilen dünýä çempionatynda türkmenistanly taekwondoçy bürünç medala mynasyp boldy

Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde taekwondo boýunça geçirilen XXI dünýä çempionatynda türkmen türgeni Annamyrat Goşanyýazow üçinji orna mynasyp boldy.

Annamyrat Goşanyýazow gerek bolan emelleriň ählisini dürs ýerine ýetirip, Ýaponiýaly garşydaşy bilen bilelikde üçünji basgançaga mynasyp boldular. Ikinji ýeri Gresiýaly türgen, birinji ýeri bolsa Demirgazyk Koreýaly türgen gazanmagy başardy.

Şeýle hem Dünýä çempionatynyň barşynda (Halkara taekwando federasiýasy) ITF 27-nji kongressi geçirildi. Geçirilen plenar mejlisinde sportuň taekwando görnüşiniň ösmegine goşan goşantlary üçin Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdogdy Atabaýewe «Meşhur tälimçi» diýen ýyldyz sylagy gowşuryldy.

  • 11
  • 04.09.2019