MAKALA

Bir ýaryşdan iki medal

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň grek-rim milli ýygyndy toparynyň guramagynda sportuň grek-rim göreşi boýunça ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryndan türgenler gatnaşyp, özleriniň gujur-gaýratlaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhetçi türgenleri gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Gullugymyzyň çagyryş boýunça harby gullukçylary Şatlyk Amangulyýew 60 kg agram derejesinde, Abdyresul Hümmiýew hem 77 kg agram derejesinde ikinji baýrakly orny eýelediler. Serhetçi türgenlerimize şeýle ýaryşlara gatnaşmaga Gullugymyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän mümkinçilikleriň çäklerinde serhetçi türgenler ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler.

Ýurdumyzda şeýle sport ýaryşlaryny geçirmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Azat Aganyýazow.

 

 

 

  • 11
  • 04.09.2019