MAKALA

Ylym-bilim hakynda nakyllar

Akylyň bolsa, uzak ýola şöwür et, bilimiň bolsa, bilmedige öwret.

* * *

 Bi­lim bi­len hik­met — al­tyn­dan gym­mat.

 * * *

Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.

* * *

Äle­miň gy­ra­gy bol­maz, yl­myň — çä­gi.

 * * *

 Akyl — yl­myň hy­ry­da­ry.

 * * *

Alym gül ge­ti­rer, ary — bal.

* * *

Bi­lim­li — uçar, bi­lim­siz — ga­çar.

 * * *

Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da sy­zy­lyp çy­kar.

 * * *

Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer.

* * *

Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar.

 * * *

 Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär.

* * *

Ylym al­mak — iň­ňe bi­len gu­ýy gaz­mak.

* * *

Ylym­syz bir ýa­şar, ylym­ly — müň.

 * * *

Hü­när — akar bu­lak, ylym — ýa­nar çy­rag.

* * *

Işiň us­sa­sy — oka­mak.

* * *

Okadym diýme, bildim diý.

 * * *

Ylym — aky­lyň ýa­ry­sy.

* * *

Ylym akyldan dem alar.

 * * *

Ylym köp, ömür az, ge­re­gi­ňi al — daşa ýaz.

 

Taýýarlan Maral YHLASOWA.

  • 228
  • 04.09.2019