MAKALA

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň ussatlygy

Şu gün gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme okuw türgenleşigi geçirildi. Onda Watanymyzyň goragçylary bolan «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary şöhratly pederlerimize mahsus edermenliklerini görkezmegi başardylar.

Görkezme okuw türgenleşiginiň dowamynda ähli türgenleşikler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylarynyň el söweşiniň emellerini ýerine ýetirmek, sowuk ýaraglar bilen garşydaşy ýok etmek, päsgelçilik zolagyndan geçmek, ýörite ýüp arkaly bir dagdan beýleki daga ot açyşy ýerine ýetirmek arkaly geçmegi başarmak ýaly dürli ugurlar boýunça görkezen çykyşlary Watanymyzyň  dost-doganlyk serhediniň goragynyň ynamly gollardadygynyň subutnamasyna öwrüldi.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 65
  • 06.09.2019