MAKALA

Ýokary söweşjeň taýýarlyk ýurt asudalygynyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serhkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dost-doganlyk serhediniň goragy barha berkeýär. Harby gullukçylaryň ählitaraplaýyn üpjünçiliginiň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, goşunyň söweşjeň taýýarlyk derejesiniň kämilleşmegi babatynda hem giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme okuw türgenleşigi ýene bir ýola subut etdi.

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň görkezme okuw türgenleşiginiň barşynda mukaddes Watanymyzyň serhediniň goragçylary hem dürli ýaraglardan ot açmagyň ussatlygyny görkezdiler. Dürli ýaşyrynlyk emellerini ýerine ýetirmek bilen, döwrebap awtomat we sapança ýaraglary bilen şertli garşydaşy dessine ýok etmek boýunça geçirilen türgenleşikler parahatçylyksöýüjilik ýörelgesine eýerýän ýurdumyzyň serhetçileriniň kämil söweşjeň taýýarlygyny görkezdi.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

 

  • 20
  • 05.09.2019