MAKALA

Mergenlik türkmen esgerine mahsus häsiýet

Mergenlik türkmen esgerine mahsuh häsiýet. Asyl-ha bu her bir türkmen ýigidine mahsusdyr. Munuň şeýledigini şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp galan we biziň şu günlerimize çenli ähmiýetini ýitirmän gelen buýsançly maglumatlar hem doly subut edýär.

Şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme okuw türgenleşiginde mergenler şertli garşydaşy ýok etmek boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk syýasatyny ýöredýän, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine doly eýerýän ýurdumyzyň dost-doganlyk serhediniň goragynyň has-da berk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen ýörite mergenleriň hem okadylyp taýýarlanylýandygy bellärliklidir. Olar Watanymyzyň serhediniň asudalygyny goramakda döredilýän döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýarlar we özleriniň örän jogapkärli harby hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirýärler. Şu günki geçirilen görkezme okuw türgenleşiginiň dowamynda bolsa munuň şeýledigini görmek boldy.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 17
  • 05.09.2019