MAKALA

Dost wepasy goldawyňdyr hemişe

Gulluk itleri şu günki geçirilen Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen»  ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme okuw türgenleşigine özboluşly aýratynlyk çaýdy. Onda türkmen alabaýlary hem-de nemes owçarka itleri özleriniň hüşgärligini, saklygyny sözüň doly manysynda aýan etdi. Gaçgagy, şertli garşydaşy ýa-da serhet bozujyny yzarlamakda, olary kowup tutmakda we dürli hili howply bolup biläýjek zatlary gözläp tapmakda gulluk itleriniň ýardamy juda uly bolup durýar. Häzirki wagtda serhediň goragyna türkmen alabaýlarynyň yzygiderli çekilmegi, olaryň gulluk ýagdaýlara has-da uýgunlaşdyrylmagy ýurt goragynyň ilerlemegine getirýär.

Halkymyzyň arasynda alabaýlaryň merdanalygy, olaryň wepalylygy we islendik çylşyrymly pursatlarda öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyby baradaky rowaýatlar aýdylýar. Biziň günlerimizde hem ol adat dowam edip gelýär. Edermenligiň we batyrlygyň nyşany bolan alabaýlar şu günki geçirilen görkezme okuw türgenleşiginde hem Watan goragçylarynyň wepaly dosty bolup hyzmat etdi. Bu bolsa, türkmen alabaýlarynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň özboluşlydygyndan ýene bir ýola habar berýär.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 27
  • 05.09.2019