MAKALA

Ýaprakdaky ýazgylar

Bir okumyş adam bar eken. Öz döwründe iň naýbaşy eserler şonuň galamyndan döränmiş. Günleriň bir güni obaň üstüne galtamanlar duýdansyz dökülenmiş. Alym kitaplaryny bir düwünçege düwüpdir-de ýere gömüpdir. Özi bolsa ýat ýurtlara sürgün edilipdir. Ýyllar geçýär. Güýz günleriniň birinde alym öz obasyna dolananmyş. Ol çar tarapdan kitaplaryny gözläpdir. Ýöne derek tapmandyr. Diňe bir baýryň üstünde ýaýrap ýatan gawun biýaralary barmyş. Alym gawunlary esli salymlap synlap oturypdyr. Görse, gawunlaryň daşyndaky çyzyjaklarda şol ýitirilen kitaplaryň sözleri setirme-setir ýazylanmyş. Bu bir rowaýat.

Ynha, saralan ýapraklary elime alyp, serimde şeýle pikirleri aýlap otyryn. Ýaprajyklaryň her haýsysy özboluşly çyzyjaklardan doly. Bu çyzyjaklar hem tebigatyň dilinde belli bir setirleri aňladýandyr ahyryn?! Mümkin, şeýledir. Näme diýseňem sary ýapraklardaky çyzyklar, göwnüme bolmasa, Gurbannazar Ezizowyň ýazylmadyk setirleri ýaly bolup dur.

***

 Daýhanlar üç ýerde begenermiş. Birinjisi, ýere tohum atanda «sag-aman ekişe başladyk» diýip. Ikinjisi, iki gulajyk bolup gögeren dänelere seredende. Üçünjisi bolsa, tylla güýz gelip hasyl ýygnalanda. Güýz geldi. Diňe bir daýhanlary däl, tutuş dünýäni begendirip.

***

Baglaryň saralan ýapraklary meni köne ýatlamalara atarýar. Bu bikarar ýüregim: «Güýz gelýär, güýz gelýär» diýip gowsunýar. Yzaly ýüregime teselli bermek üçin saralyp ýatan meýdana tarap ylgaýaryn. Şonda boýdan-başa sary geýnen baglaryň bir-birine: «Gyz gelýär, gyz gelýär» diýip, çawuş çakanlaryny duýdum. Edil şu wagt güýz bilen men juda meňzeş. Olam sarymeňiz, menem...

***

Diýdiler: «Güýz güli owadan bolar...» Şu setir ýadyma düşende biygtyýar ýylgyrýan. Näme üçin diýýäňizmi? Kakam bilen bäbekhanadan jigimi almaga gidenimizde ejeme bir çemen güýz gülüni sowgat edipdik. Gulpagymy tasadyp ak mekdebe baranymda-da elimde bir desse güýz gülleri bardy... Ulugyz bolamsoň bir mähriban gözli ýigit ýolumda durup maňa garaşardy. Elinde bolsa älemgoşara meňzäp duran bir gujak güýz gülleri bardy. Olar şeýle bir owadandylar. Indi her güýz gelende şol günlerdäki şol güller göz öňüme gelýär...

Ogulnur ATAÝEWA,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy.

  • 69
  • 05.09.2019