MAKALA

Hazar ýolunyň ugrunda, Dehistanyň baýrynda

Gadymyýetde Hazar deňziniň gündogar kenarynda ekerançylyk üçin amatly, tekiz, mes toprakly ýerlerde 3500 ýyllap üznüksiz ýaşaýyş bolupdyr. Gadymy ýazgylaryň berýän maglumatlaryna görä, Dehistan ýurdy mes toprakly, bol suwly, ekin-dikinli, bag-bossanly bolupdyr. Bu ýerde ýaşan ilat müňýyllyklaryň dowamynda suwaryş desgalarynyň, kanallaryň, bentleriň, gatlalaryň, howdanlaryň ençemesini döredipdirler. Olar ekerançylygyň mundan beýläk-de pajarlamagyna, öz döwründe ykdysadyýetiň we medeniýetiň rowaçlanmagyna, şeýle hem dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşupdyrlar. Dehistan topragynyň kä ýerlerinde medeni gatlagyň çökündileriniň galyňlygy 2 metre ýetýär eken. Şeýle ýerler gaýtadan özleşdirilende, tarp ýerlere garanyň-da, has ýokary hasyl berýän, bol galla mesgeniniň watany bolandygy bilen häsiýetlendirilýär. Orta asyrlarda Dehistan Hazar deňiz kenar ýakasynyň medeni merkezi hasaplanypdyr.

Geografik nukdaýnazardan seredeniňde, Dehistan Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýar. Derýa günortada Gürgene, demirgazykda Etrege sapýar. Şoňa görä-de, Etrek we Gürgen derýalarynyň aşak akymlaryna Etrek-Gürgen sebitleri diýilmegi tötänden däldir. Etrek derýasy  geçmişde bol suwly derýa bolupdyr. Dehistanyň çäginden akýan Etrek we Sumbar derýalarynyň aşak akymlary häzirki Madaw obasynyň demirgazyk-günbatary hasaplanylýar. Taryhda bu ýerler Maşat-Misserian düzlüginiň ösen medeni merkezleriniň biri hökmünde tanalypdyr. Geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, Etrek derýasynyň kenarlarynda ýüzden gowrak oturymly, ekerançylyk obalarynyň bolandygy anyklanyldy. Orta asyrlar ýazuw çeşmelerinde Dehistan şäheriniň eteklerindäki obalar barada Tabarynyň «Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy» diýen işinde ýatlanylýar. Bu taryhy maglumatlar VI—VII asyr­la­ra de­giş­li bo­lup, Dehistan oazisinde Ulygyzylly, Şadiz we Akjagala ýaly obalaryň dörändigi barada habar berilýär.

Geçmişde Dehistan şäheri Maşat-Misserian diýip atlandyrylyp, ol biziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki II müň­ýyl­lyk­da ýaşan gadymy dahlaryň ýa-da daýlaryň oturymly ýerleri bolupdyr. Dahlar (daýlar) taýpa birleşigi Türkmenistanyň ýerlerinden biziň eýýamymyzdan öňki I asy­ryň baş­la­ryn­da Ýew­ro­pa gö­çüp gidipdirler. Bu taýpa birleşigi Dunaý derýasynyň demirgazygyndan Karpat daglaryna çenli aralykda ýerleşipdir. Dahlar (daýlar) taýpa birleşigi ýerli ilatyň gadymy milletleriniň biri bolmak bilen, dünýä medeni mirasynyň ösüşinde öçmejek yz galdyrypdyrlar. Arheologik barlaglaryň şaýatlyk etmegine görä, biziň eýýamymyzdan öňki II müň­ýyl­ly­gyň ahyr­la­ryn­da, I müň­ýyllygyň başlarynda Dehistan oturymly ilat tarapyndan özleşdirilip ugrapdyr. Olaryň esasy käri ekerançylyk bolupdyr. Muňa degirmen daşlary, suwaryş kanallarynyň saklanyp galan sudurlary aýdyň şaýatlyk edýär.

Arap sy­ýa­hat­çy­sy, bel­li dip­lo­mat Ibn Fadlan 921—922-nji ýyllarda Bagdat halyfy al-Muktadiriň tabşyrygy bilen Wolga boýundaky Bulgar patyşalygynyň ýurduna syýahat edýär. Ol Girkaniýanyň üstünden geçende, ýerli emirleriň biriniň adynyň Etrekdigini belleýär. Diýmek, derýanyň ady oguz-türkmen serdarlarynyň ady bilen gabat gelýär. Ýer-ýurt, deňiz-derýa atlaryny dakmak gadymy halkymyz üçin häsiýetli zatdyr.

Hazar deňziniň ýetmiş töweregi ady bolupdyr. Bahry-Hazaryň günortasynda ýerleşen gadymy Dehistan topragy antik awtorlaryň ünsüni özüne çekipdir. Şol döwürde Hazar deňzini Girkan deňzi diýip atlandyrypdyrlar. Etrek ýurduna Girkan ýurdy diýipdirler. Bu ýurdy suw bilen üpjün eden derýanyň ady Ak ýa-da Oh diýip tutulypdyr.

Gulzum hem Hazar deňziniň bir adydyr. Hazar deňziniň Oguz ady hem bolupdyr. Bu at Hazar deňiz kenar ýakalarynda gadymyýetde oguzlaryň — türkmenleriň döwründe ýüze çykýar. Hazar deňziniň Bahry-Hazar ady hem bolup, ol ilkinji gezek X asyryň arap sy­ýa­hat­çy­sy we geog­ra­fy Is­tah­ry­nyň «Ýollar we ýurtlar kitaby» diýen eserinde ýatlanylýar.

XI—XII asyr­lar­da Ha­zar de­ňiz ke­nar ýakalary seljuk türkmenleriniň ýerleri hasaplanypdyr. Bu barada şol döwrüň taryhçysy as-Samani: «Dehistanda kiçeňräk şäherçe görnüşdäki obalar bolup, Çagry begiň döwründe düýbi tutulypdyr» diýip belleýär.

1836-njy ýylda Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarlarynda G.S.Karelin ylmy işleri alyp barypdyr. Ol özüniň ekspedisiýasynyň hasabatynda Dehistanyň töweregindäki Daşberdi guýusy hem-de Maşat ata ýadygärligi barada agzap geçýär. 1840—1841-nji ýyllarda Gürgen sebitlerine diplomatik maksatlar bilen gelen Russiýanyň Eýrandaky missiýasynyň agzasy K.A.Bode Maşat-Misserian ýadygärlikler toplumyndaky minaralar barada ýatlaýar.

1856-njy ýylda belli wenger syýahatçysy Arminiý Wamberi kerwene goşulyp, Eýranyň üsti bilen Hywa barýarka, Dehistanyň üstünden geçipdir. Ol Dehistan oazisini, ýerli ilatyň atlandyryşy ýaly, Maşat-Misserian diýip atlandyrýar. Onuň gündeliginde şeýle ýazgylar bar: «Dehistanda iki sany beýik diň bar. Şäheriň daşynda we içinde birnäçe gümmezli jaýlar bolup, ägirt uly suw geçirijileri bar». A.Wamberiniň gündeliginde ýazan ýazgylaryndan ugur alsak, Dehistan şäheriniň daşyndaky çarbaglaryň arasynda bazar meýdançalarynyň ýanynda üç sany kerwensaraý ýerleşipdir. Dehistanda üç sany kerwensaraýyň bolmagy onuň öz döwründe gyzan bazarly şäher bolandygy bilen häsiýetlendirilýär. Şäheriň çäginde ýerleşen kerwensaraýlaryň günorta derwezesi Ýakyn Gündogar döwletlerinden, gündogar derwezesi Abiwertden, Merwden we Amuldan gelýän kerwenler üçin niýetlenipdir. Kerwensaraýyň demirgazyk derwezesi Horezmden gelýän kerwenler üçin gurlupdyr. Bu derwezeden Arap ýurtlaryndan gelen söwda kerwenleri demirgazyga — Rus topragyna tarap ugrapdyrlar.

Dehistany ylmy taýdan öwrenmäge ilkinji synanyşyk eden akademik A.A.Semýonowdyr. Ol XX asyryň başlarynda Dehistanyň arhitektura ymaratlarynyň ýazgylaryny okapdyr. 1950-nji ýyllarda akademikler M.Ý.Masson we G.A.Pugaçenkowa Dehistanyň medeni mirasyny öwrenýärler.

Maşat-Misserian düzlüginde ýerleşen Dehistan şäheri Gündogardan Günbatar ýurtlara ugraýan kerwen ýolunyň çatrygynda ýerleşip, sebitde bazar-söwda gatnaşyklarynyň, hünärmentçiligiň, senetçiligiň we medeni gatnaşyklaryň ösmegine sebit we dünýä derejesinde täsir edipdir. Maşat-Misserianda şeýle ýokary derejede ýola goýlan syýasy-ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösmegi sebitde parahatçylygyň uzak döwürler saklanmagyna şert döredipdir. Hazarýaka kenarda, Dehistan şäherinde asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň rowaçlanmagy söwda-ykdysady taýdan özara bähbitli, hoşniýetli, ynsanperwer döwletara gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam edipdir. Bu bolsa türkmen taryhynyň şöhratly sahypalarynyň biridir.

Orazgeldi AŞYROW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň uly mugallymy.

  • 22
  • 05.09.2019