MAKALA

Uçara öwrülip bilýän dikuçarlar

Bell Boeing V-22 Osprey – bu Amerikanyň konwertoplanydyr (Konwertoplan – ýokary galanda edil dikuçar ýaly dikligine galyp, howada uçan mahaly uçar ýaly hereket edýär.) Ol ýokary uçanda we gonanynda adaty dikuçarlar ýalydyr, (hereketlendirijilerini ýokary garadýar) emma howada uçan mahaly edil adaty uçarlar ýaly hereket etmek üçin özüniň hereketlendirijilerini öňe garadyp, ol turbowintli uçara öwrülýär.

Uçaryň bu görnüşiniň kreýser tizligi 446 km/sag deňdir. Ony Chinook dikuçarynyň kreýser tizligi bilen deňeşdireniňde Chinook 240 km/sag bilen hereket edýär. Şeýle hem häzirki zaman dikuçarlary bilen deňeşdireniňde Bell Boeing V-22 Osprey özündäki ýangyjy bilen uzak aralyga uçmaga ukyplydyr. Bu konwertoplan bir bada 32 adamy 772 kilometr aralyga çenli daşamaga ukyplydyr.

  • 44
  • 05.09.2019