MAKALA

Döwrebap tehnikalar — mizemez goşunyň binýady

Şu günki geçirilen Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme okuw türgenleşiginde mizemez goşunymyzyň binýady bolan döwrebap harby tehnikalara uly orun berildi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden we durmuşa geçirýän özgertmeleriniň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowuşýan döwrebap harby tehnikalar döwletimiziň goragynyň ynamly gollardadygyny ýene bir ýola subut etdi.

Harby gullukçylaryň tehnikalara ussatlyk bilen erk etmekleri, bellenilen ýerleri tiz we wagtda barmaklary, şol bir wagtyň özünde hem gorag mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaklary bellenilmäge mynasypdyr. Kyn meýdan şertlerinde çalt sürmek, ýyldyrym çaltlygynda bellenilen ýere gelip, söweşjeň ýagdaýa girişmek, döwrebap motoulagda şertli garşydaşa ok atyş urgularyny geçirmek, şeýle-de uçarmansyz uçýan uçary uçurmak we dolandyrmak boýunça görkezmeler bu türgenleşigiň sazlaşykly hereket edýän döwrebap tehnikalarynyň kuwwatyny dabaralandyrdy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 56
  • 05.09.2019