MAKALA

«Türkmen edermen» ýörite maksatly topary — mertligiň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek, Milli Ýaragly Güýçlerimiziň goşun görnüşleriniň söweşjeň taýýarlygyny hemişe ýokary derejede saklamak babatynda döwletimizde giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Düýn ýurdumyzda geçirilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby okuw türgenleşigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäk goranyş goşunlary hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary bilelikde aýratyn goralýan desga söweşjeň toparyň hüjümini yzyna gaýtarmak boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýaýbaňlandyrdylar.

Harby okuw türgenleşigiň barşynda ýaragly topary doly ýok etmek maksady bilen, «Türkmen edermen» bilelikdäki hüjüm topary nyzama düzülip, hüjüme geçýär. Garşydaşlaryň topary goýlan wezipä ýetmegi başarman, yza çekilip başlaýar. Garşydaşlaryň toparynyň galan bölegi hem-de olaryň awtoulag serişdeleri «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň esgerleri tarapyndan ýok edildi.

Şeýle-de harby okuw türgenleşiginiň dowamynda «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň okuw söweşjeň hereketleriniň görkezme çykyşlary ýerine ýetirildi, şonuň barşynda bu toparlaryň harby gullukçylary özleriniň başarnyklaryny görkezmek üçin çylşyrymly hereketler bilen golaý aralykdan dürli ýagdaýda durup ot açdylar. Şunda, harby gullukçylar ýarag ulanmagyň inçe tilsimlerini ussatlarça ýerine ýetirip, şöhratly pederlerimize mahsus edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler.

Harby okuw türgenleşikleri tamamlanandan soňra, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylary mukaddes kasam etdiler.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 49
  • 06.09.2019