MAKALA

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary döwrebap harby tehnikalarda söweşjeň wezipäni ýerine ýetirdiler

Düýn geçirilen harby okuw türgenleşiginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly bilelikdäki toparynyň şahsy düzümi söweşjeň ussatlyklaryny hem-de başarnyklaryny görkezdiler.

Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäk goranyş goşunlary hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary bilelikde aýratyn goralýan desga söweşjeň toparyň hüjümini yzyna gaýtarmak boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýaýbaňlandyrdylar.

Harby okuw türgenleşiginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümindäki kämil tehnikalaryň kömeginden hem peýdalanyldy.

Häzirki wagtda iň täze tehnikalar harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işinde netijeli ulanylýar. Şunda serkerdeler we esgerler öňdebaryjy tehniki serişdeleri ussatlyk bilen dolandyryp, öz öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler. Milli goşunymyzyň häzirki zaman ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.  

Aýratyn goralýan desga hüjüm eden söweşjeň topary yzyna gaýtarmak, olary gabaw astyna alyp, ele salmak boýunça geçirilen taktiki-ýörite hereketlerde ählitaraplaýyn oňaýlylygy bolan, dünýäniň iň kämil harby tehnikalarynyň hatarynda görülýän bu döwrebap tehnikalaryň häsiýetli aýratynlyklary görkezildi.

«Serhet abat — Döwlet abat».   

  • 34
  • 06.09.2019