MAKALA

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary dikuçarlarda başarjaňlyklaryny görkezdiler

Düýn ýurdumyzda «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby okuw türgenleşigi geçirildi. Harby okuw türgenleşigine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň binýadyndaky dikuçarlar hem gatnaşdyryldy we türgenleşigiň barşynda dikuçarlaryň häsiýetli aýratynlyklary görkezildi.

Harby okuw türgenleşiginiň dowamynda garşydaşy ýok etmek boýunça alnyp barlan söweş hereketlerinde  howa giňişliginde peýda bolan söweş dikuçarlary bellenilen nyşana boýunça ot açdylar.

«Türkmen edermen» toparynyň bukudan çykan ýokary tizlikli ulag serişdeleri garşydaşyň ýaragly toparynyň daşyny gabady hem-de ony doly ýaragsyzlandyrdy. Şol bir wagtda zabt ediji topary howadan goldaýan dikuçarlar ýaragly toparlanyşygyň hereketini bökdemek bilen, garşydaş boýunça pulemýotdan ot açdy.

Söweş wezipesi ýerine ýetirilenden soňra, aýratyn ugurdaky «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň esgerleri ýörite ýüpüň kömegi bilen dikuçara mündiler.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleriniň çäklerinde Milli Goşunymyzyň binýadyna alnan bu döwrebap dikuçarlar harby okuw türgenleşiginde sözüň doly manysynda ýurdumyzyň asman giňişliginiň berk goraglylygynyň kepiline öwrüldi.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 35
  • 06.09.2019