MAKALA

Harby bilim ösüş ýolunda

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okamak, bilim almak, hünär eýesi bolmak uly bagt. Bu döwürde hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna okamaga, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmäge, alan hünäriň boýunça zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýär.

Orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýändigi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, hünärli bolup ýetişmekleri babatda düýpli aladalardan nyşandyr. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda öňden bar bolan okuw mekdepleriniň binalarynyň döwrebap derejä getirilmegi aýratyn buýsançlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bilim syýasatynyň hem-de kabul eden harby özgertmeleriniň çäklerinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralar ulgamynda ýokary bilim berýän institutlar hereket edýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdepleri, şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-Deňiz instituty, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty, Türkmenistanyň Serhet instituty ýurdumyzda öz işine ussat, ýokary bilimli harby hünärmenleri ýetişdirýän, ýaşlarymyza harby bilim berýän, harby hünär öwredýän bilim ojaklarymyzdyr. Türkmenistanyň Serhet instituty iň ýaş hem döwrebap harby bilim ojagydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň mukaddes araçäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde ýokary bilimli, öz işine ussat serhetçi hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, sanlyja ýyl mundan ozal hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Türkmenistanyň Serhet institutyny döretmek hakynda» Permana we «Serhet institutynyň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Bu taryhy resminamalar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmakda, Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde, şeýle hem harby düzümlerde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde, Serhet institutynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk täze döwrebap binalar toplumy açylyp ulanylmaga berildi.

«Türk­me­nis­tan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklary bilen bir hatarda, Serhet instituty hem öz goýnunda harby hünär öwrenjek talyplaryny kabul etdi. Institutda okuw möwsümine doly taýýarlyk görüldi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu institutda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hünärmenler, mugallymlar we harby talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlandy hem-de önümçilige ornaşdyryldy. Sanly bilim ulgamyna geçmek harby talyplary okatmagyň interaktiw we beýleki usullaryny işjeň ulanmaga, döwlet serhediniň kämil görnüşde goragyny üpjün etmäge ýol açýar. Talyplarymyz institutyň döwrebap binalar toplumynda ýurdumyzda esasy öňe sürülýän sanly bilim ulgamyny özleşdirmekde kompýuter tehnologiýalaryndan giňden peýdalanarlar. Döwlet serhedimiziň goragyny üpjün etmekde harby bilimiň inçe syrlaryny öwrenerler.

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda: «Halk» hem-de «Watan» diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir» diýip belledi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu dana setirlerini gursagynda göterýän serhetçi talyplarymyzyň okap, bilim alyp, dost-doganlyk serhedimiziň asudalygyny gorajak ussat hünärmen serkerdeler bolup ýetişjekdigine, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly ýollaryny mynasyp dowam etdirjekdigine berk ynanýarys.

Ýurdumyzy mundan beýläkki belent ösüşlere ýetirmegiň möhüm ugry bolan bilim syýasatyny üstünlikli amala aşyryp, ýaşlarymyza okamaga, bilim almaga, hünär öwrenmäge giň ýol açýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Kamar Saparow.

  • 60
  • 06.09.2019