MAKALA

Serhet ýakasy – bu daglar

Nurana säherlerden çöşlenip gaýdan menziller bizi ýene-de serhet ýakasynyň syrly ýodalaryna tarap alyp gaýtdy. Watanymyzyň çar tarapyndan bir-biriniň ellerini mäkäm gysymlap, uzalyp giden ýollar bu keremli daglaryň täsin rowaýatlarynyň içinden parran geçişine tabşyryga tarap atyny eserdeňlik bilen gyssap barýan serhetçi esgerleri hem öz gahrymanlaryna öwürýär-de parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk bolup, her birimiziň mukaddes ojaklarymyza girip gelýär. Hut şo­nuň üçin hem bu ýol­lar — mu­kad­des, eziz, togap edilmeli, ýüze sylynmaly ýollar. Has dogrusy, kä kerte dyrmaşyp, käte narly jülgeleriň içinden geçip, käte-de üstüňe dünýäniň kölegesi kimin abanyp duran belent gaýalaryň erňeginden se­re­sap­ly­lyk bi­len inip gid­ýän bu men­zil­ler — Pyragynyň nazary düşen keremli ýerler. Göwnüňe bolmasa, olar daşly ýodalardan däl-de, heňňamyň torç edilen aýak yzlaryndan gatap, daşa öwrülip gidişlerine birdenkä syrly ýola öwrülip, Watan yşkyna ylham bolup, Göge ganat kakyp duran ýaly. Beýik Pyragynyň gadamy siňen, dagy, daşy, guş-gumrusy bilen sözleşen ýerlerine ýakynlaşdygyňça gulagyňa onuň asyrlary böwsüp: «Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam budur ki türkmen binasy» diýen setirleri gelip duran ýaly dünýäňi täsin jümşüldi gaplap alýar.

Durmuşyň syrýetmezligine sygynyp, aýlanyp duran dünýäniň ýollary Magtymguly atamyzyň setirleriniň üstünden aşyp, ýürekleriň törüne, iň beýik hakykatlaryň dergähine tarap barýar. Şeýle oýlara berlip, daş-töweregiň täsin tebigatyny synlap barşymyza birdenkä sürüjimiziň:

Ol mer­diň og­lu­dyr, mert­dir pe­de­ri,

Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,

Dag­da-düz­de kow­sa, saý­ýat­lar di­ri —

Ala ­bil­mez, ýol­bars og­ly, türk­me­niň — diýen buýsandyryjy setirleri ählimizi hem hyýal äleminden alyp çykdy. Her kes dile getirmese-de Pyragy hakda, onuň syrly setirleri hakda pikirlenip barşyna ara düşen dymyşlygyň birdenkä Magtymguly atamyzyň şygyrlarynda mertlige, gaýratlylyga, edermenlige, il-ýurt üçin gerek bolsa gara başy orta goýup biljek merdemlige bolan beýik ruhuň onuň nakyla öwrülen pentlerinden kemal tapandygy hakynda başlanan gyzykly söhbede ýazdy. Şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlaryny öň ençeme gezek eşiden hem bolsak, olary akyldaryň hut öz önüp-ösen ýerlerine sary barýan ýolda diňläniňde juda başgaça ýaňlanýandygyna hem şu ýerde akyl ýetirdik. Özara gürrüňdeşlige berlip barşymyza eslije ýöräris öýden ýerimize nädip golaýlaşanymyzam duýman galypdyrys. Bütin töwerek asyl nirä seretsek hem Kerim şahyryň waspyny belentden ýetiren şol keremli daglary. Ine-de, Magtymguly atamyzyň ili, serhet ýakasynda dogup, köňüllere biserhet dünýäsi bilen ýaýylyp giden akyldarymyzyň şahyrana ruhy siňen mukaddes ýerler. Ulagdan düşüp, serhet galasynyň durmuşyna garylmak üçin gapydan ätlänimizde, tabşyrykdan gaýdyp gelen esgerleriň: «Biz Watanyň serhedini goraýas...» diýen hiňlenmelerem birhili ýüreklerimizi joşduryp goýberdi. Asyl bu ýerde «Esger kalbynyň joşguny» bäsleşigine gatnaşyjylaryň şygryýet agşamy we ýörite sergi hem gurnalan eken. Esgerleriň ata Watanymyzy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, dost-doganlyk serhedimiziň mukaddesligini, döwrümiziň bagtyýarlygyny wasp edip, joşgunly ýerine ýetirýän goşgularyny diňläniňde hem, olar bilen söhbetdeş bolanyňda hem Watana gulluk etmegiň buýsanjyny duýmak bolýar. Serhetçi esgerleridir serkerdeleri hem dabara lybasyna beslän bäsleşigiň şanyna gurnalan sergide aýlanyp ýörşümize, gadymy türkmen öýüni synlap duran esgerleriň söhbedini diňlemek üçin ýanlaryna bardyk. Olar bu ýerde islendik adamyň hem köňlüne joşgun berip biljek heseriň bardygyny gürrüň bermek bilen, has-da aý-aýdyň gijeler tabşyryga ugranlarynda dag bölekleriniň biriniň hut Pyragynyň keşbi kimin aýdyň görünýändigini we bize hem şol bölegi synlasak, gowy boljakdygyny ýatlatdylar.

Çar tarapy belent gaýalar bilen gurşalan bu ajaýyp mesgende gullugyň alnyp barlyşydyr ajaýyp tebigatyň sahylygyny synlap, inçejik dag ýodalaryny yzarlap barşymyza daglaryň aňyrsynda batmaga häzirlenip barýan Güne bakyp, bu ajaýyp ýerler bilen hoşlaşmaga çen bolandygyny gördük. Merdana serhetçilerimize dünýädäki ähli gowulyklary diläp, bu ýerden hoşallyk bilen gaýtdyk. Ýolda esgerleriň gürrüň beren täsin dag böleginde dogrudanam Magtymguly atamyzyň Arşa bakýan keşbini gördük, haýran galdyk. Çylşyrymly dag ýodalaryndan uzyn ýoly külterläp barýan ulagymyzda ýoluň gyrasynda dikilen görnükli serkerde Allaýar Gurbanowyň heýkelini synlap, bu ýerleriň diňe Magtymguly Pyragy ýaly söz sungatynyň ägirdi bilen birlikde beýik serkerdeleridir gerçekleri hem dünýä beren mukaddes ýerlerdigini sözsüz ykrarladyk. Biziň Allaýar Gurbanow ýaly milli gahrymanlarymyzyň barmak büküp sanardan kändigi hakyndaky oýlary serimizde aýlap barşymyza keremli daglary kem-kemden yzda galdyryp, paýtagta sary rowana bolduk...

Ak­nur Ro­zy­ýe­wa.

  • 42
  • 06.09.2019