MAKALA

Iň uzak uçuş synagdan geçiriler

Şu ýyl «Qantas» uçar kompaniýasy dünýäniň iň uzak uçar gatnawyny synagdan geçirer. 19 sagatlap dowam etjek synag uçuşy üstünlikli tamamlanan ýagdaýyn-da 2022-nji ýylda ýolagçy gatnawyna başlanar. Soňky ýyllarda awiasiýa kompaniýalarynyň iň uzak aralyga düşelgesiz uçmakda täze rekordlary hasaba alyndy. Häzirki wagtda Singapuryň milli uçar awiakompaniýasynyň amala aşyrýan Singapur – Nýu-Ýork gatnawy iň uzak uçar gatnawy hasaplanýar. 15344 kilometrlik bu aralyk howanyň ýagdaýyna görä üýtgäp, 18 sagat 25 minut töweregi wagtda geçilýär. Kataryň milli uçar awiakompaniýasynyň Oklend – Doha gatnawy 17 sagat 40 minut dowam edip, ikinji ýeri eýeleýär. «Qantas» kompaniýasynyň Awstraliýanyň Pert şäherinden Angliýanyň paýtagtyna gatnaýan uçarlary bu aralygy 17 sagat 20 minutda geçip, sanawda üçünji ýeri eýeleýär. Awstraliýanyň «Qantas» kompaniýasy Sidneý – London we Sidneý – Nýu-Ýork aralygyna düşelgesiz gatnawy ýola goýup, sanawyň ilkinji ornuna geçmegi maksat edinýär. Bu aralygyň 19 sagatda tamamlanjakdygy bellenilýär. Synag uçuşlaryna diňe uçaryň ekipažy däl, eýsem, ýolagçylar hem gatnaşar. Onuň esasy maksady bu uzak aralykda gatnajak howa gämisiniň işgärlere we ýolagçylara nähili täsir edýändigini bilmekden ybarat. 3 gezek geçiriljek synag gatnawy «Boeing-787-9» uçarlary bilen amala aşyrylyp, oňa jemi 40 adam müner. Uçuş döwründe ýolagçylaryň we işgärleriň saglyk ýagdaýy ýörite enjamlar arkaly ölçener we gözegçilikde saklanar. Şeýle hem naharlanmagyň we ukynyň adamlara nähili täsir edýändigine serediler.

 

Zaman Türkmenistan.

  • 15
  • 06.09.2019