MAKALA

Bilim — ösüşlerimiziň özeni

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlarymyz biziň ýurdumyzyň geljegidir. Hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyza uly ynam bildirýär. Biziň döwletimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň häzirki zaman dünýä ylmyny we tehnologiýalaryny, tebigat, jemgyýeti öwreniş ylymlaryny ösdürmek baradaky tagallalary ýerine düşýär. Bu ylymlaryň medeni we gumanitar gatnaşyklary ösdürmekde hyzmaty uludyr. Döwlet ylym-bilim ulgamyna ummasyz maýalary harçlaýar. Munuň özi ýurdumyzyň geljegine goýulýan maýa serişdeleridir, halkymyzyň iň gymmatly baýlygy adamyň intellektual ösüşine gönükdirilen tutumly işdir.

Hormatly Prezidentimiziň taryhy Karary bilen tassyklanan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Kanun bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem ýaş nesliň döwrebap bilim almagynyň hukuklary kepillendirilendir.

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, Watanymyzda innowasion taýdan ösüşe täze ugur alyndy. Ýokary hünär derejeli, häzirki zaman bilimlerine we baý dünýägaraýyşlara eýe bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga düýpli girişildi. Ýaş nesliň aň-paýhas we döredijilik mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň yzygiderli gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň özenidir.

 

Esmira Agamämedowa,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

  • 13
  • 10.09.2019