MAKALA

Soltanyň kasamy

(Dünýä taryhynda juda şöhratly ýeňiş hökmünde baha berlen türkmen-seljuklarynyň soltan

Alp Arslanyň ýolbaşçylygynda wizantiýalylaryň üstünden gazanan meşhur Malazgirt ýeňşi barada söhbet)

 

Orta asyrlaryň taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, soltan Alp Arslanyň jemi toplan goşuny 20 müňden gowrakdyr. Netijede, wizantiýalylar Ermenistan bilen serhetýaka ýer bolan Malazgirt meýdanyna toplanyp başlapdyrlar. Türk taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, bu ýer häzirki Türkiýe bilen Ermenistanyň araçägindäki üç tarapy daglyk bilen gurşalan, günorta tarapy, ýagny Türkiýe tarapy bolsa, kiçiräk baýyrlykly, gök öwsüp oturan ýer bolmaly. Ermeni taryhçylary bu ýeri Mansikert diýip atlandyrýarlar. Sebäbi bu ýerde wizantiýalylaryň Mansikert atly kiçiräk gala — berkitmesi ýerleşýärdi.

Soltan Alp Arslan öz ýakyn dosty we ussat serkerde Afşine uruş tilsimini (taktikasyny) düzüp beripdir we çaltlyk bilen Malazgirtde toplanan goşuna türkmenleriň gadymdan gelýän «gurt oýny» we «sähra» tilsimini düşündirmegi tabşyrypdyr. Söweşe ykjam taýýarlanýan wizantiýalylar türkmenleriň hem gelip öz dillerinde, uruş taýýarlyklaryny geçýändiklerini baýryň üstünde çadyryny diken imperator Roman Diogen IV-e habar beripdirler.

Örän az salymyň içinde ussat serkerdeler Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg, Artyk beg soltanyň işläp düzen harby tilsimini (taktikasyny) toplanan goşuna düşündiripdirler. Afşin bolsa: «Iň soňky ýerine ýetirmeli işi we nähili söweşmelidigini bolsa, şol gün (söweş güni) soltanymyň özi aýdar...!» diýip, serkerdelere goşunyň içine barmagy tabşyrypdyr.

Ine-de, söweş güni, 1071-nji ýylyň 26-njy awgusty gelip ýetipdir. Şol günüň güýz howasy juda çigrek we dumanly bolupdyr. Dagdan gelýän ümür Malazgirt meýdanynyň üstünden ençeme öwrümler edip, nirädir bir ýerlere ýitirim bolýardy. Çigrek güýz şemaly hatara duran türkmen-seljuk esgerleriniň ýüzüne urup geçýärdi. Soltan gelmeziniň öň ýany bütin goşuny birýandan gözden geçiren serkerde Afşin gelip, öz ýerinde durdy. Başyňy aýlaýjy ümürligiň içinden geçip gelen, soltan ak atynda hatar duran goşuna göz aýlady. Afşiniň pikir edişi deýin, bu gün soltanyň özi däl ýalydy, ol bir başga keşbe giren ynsan mysalyndady. Dek düýnüň özünde bu ýerde soltan uly goşun bilen juma namazyna durupdy. Ol şonda mylaýymlyk bilen öňünden gabat gelen esgeriň hal-ýagdaýyny sorapdy.

Duşmanyň san taýdan juda köp ýygynyna gözi ýeten soltan ýeňiş tamasyndan el üzüpdi. Şonda-da ol esgerleri ýeňşe ruhlandyrmak hem-de özüniň ejizlänini duýdurmazlyk üçin söze başlady. Ol harby eginbaşynyň üstünden tä bokurdagyna çenli ak mata bilen özüni örtüpdi. Ençeme yklymlary basyp alan we şöhraty älemi baglan soltany onuň ýakyn egindeşleri hem-de ähli goşun bu görnüşde ilkinji sapar görýärdiler. Nogtasyny çeýnäp, ýeri depirjekläp duran ak atynyň nogtasyny çekip, oňa erk edip duran soltan tutuş goşunyň öňünden bir gezek iki baka geçdi hem-de söze başlady:

— Mähriban esgerlerim we serkerdelerim! Duşmanyň näderejede güýçlüdigini we köpdügini özüňiz bilýärsiňiz. Elbetde, danalaryň aýdyşy ýaly jeňe giren esger ölüme kaýyl! Meniň esasy aýtjak zadym, bu ýerde iň uly serkerde menem däl, bizans imperatory Roman hem däl! Diňe, gudraty güýçli Beýik Biribar! Şol gudraty güýçli Biribar, kimiňkilik bolsa, ýeňiş hem şol tarapda. Entek boljak söweşe az salym barka Beýik Serkerdäniň — Beýik Allanyň biziň tarapymyzda durmagyny diläliň! Biz bu ýerde gan dökmek maksady bilen urşa gelmedik. Biz diňe adalat üçin, külli musulman ymmatymyzy, ýurdumyzy, halkymyzy duşmana depeletmezlik üçin bu ýere — söweş meýdanyna geldik. Goý, gudraty güýçli Alla bu söweş meýdanynda her kimiň öz päli-niýetine görä, ýeňiş nesip eýlesin!

«Soltan, göwnüme bolmasa, özünden çykdy» diýip, Afşin zordan çalaja dillenip ýetişdi. «Ol gazaplandy, men soltany şeýle halda birinji gezek görýärin» diýip, Atsyz beg hem dillendi. «Men indi özümi saklap bilmeýärin, öňümizde duran, ol adaty soltanam däl, hökümdaram däl, ol göýä Ýunusa (Ýunus — gadymy türki dilde deňizleriň tolkunyny böwüsýän delfin) meňzeýär» diýip, Afşin gözlerinden syrykýan ýaşlaryny ýere seretmek bilen gizleýärdi. «Ýok, soltan gazaplananok, ol soňky sözlerini esgerlerine we serkerdelerine wesýet edýär, beýle eýmendiriji sözler hökümdarlaryň soňky sözleridir. Şundan soň duşman ýa eýläk, ýa-da beýläk bolar» diýip, Meňgüjük beg dillendi. «Beglerim, soltany indi görersiňiz, söweş meýdany beýle soltany soňky gezek görse gerek» diýip, Artyk beg hem dillendi.

Ýene-de goşunyň orta gürpüne gelen soltan sözüni dowam etdi: — Meni geň görmäň, beglerim! Men bu jeňde ölsem, gubura taýýar bolarym ýaly, özümi kepene büredim. Goý, gudraty güýçli Biribar, bizi ölsek, şehit, diri galsak, gazy eýlesin! Soňky aýtjak zadym, bu ýerde gorkynyň peýdasy ýokdur. Meşhur serkerde Sary Hojany bu ülkelerde tanamaýan ýokdur. Men ýaňy 16-17 ýaşlarymdakam özi bilen awa-şikara äkidýän Sary Hoja: «Gorky duýgusy esgerde we serkerde-de bolmaly däldir. Duşmanyň peşe bolsa-da, ony pil saýgyn, hiç wagt öňüňdäki duşmany äsgermezlik etmegin! Diňe batyrlyk we ruhubelentlik ýeňşiň girewidir!» diýip, berk sargyt edipdi. Men hem beglerim, şol sargydy size ýetirýärin. Biziň garyndaşymyz we ymmatdaşymyz halyf El-Kaim bolsa, bütin musulman ymmatynyň metjitlerinden biziň ýeňiş gazanmagymyz üçin doga-dilegler etjekdigini, biziň şanymyza hutbalar okajakdygyny habar berdi. Şol hoş habary hem size ýetirýärin, beglerim! Indi bu söweş meýdanynda biz üçin iki zat — ruhubelentlik we gaýduwsyzlyk galdy. Şony pugta berjaý ediň, beglerim!

Bütin goşun tolgunýardy, ejizräk, ýuka ýürek esgerler bolsa, gözlerinden akýan ýaşlary saklajak hem bolmaýardy. Esgerlere gözüni aýlaýan soltanyň gözüne hem gazapdan ýaňa gan öýüpdi. Çünki soltan we esgerler juda gazaply söweş bilen ýüzbe-ýüzdi.

— Serediň, beglerim, men ok-ýaýymy taşlap, bir elime gylyç, beýleki elime hem gürzümi alýaryn! Siz hem şeýdiň. Gylyç bilen gürzini bile işlediň! Ýaýçylar bukuda dursunlar. Goý, duşman bu gün türkmenleriň gürzüsiniň gudratyny görsünler. Demre bürenen duşmandan siz, beglerim, çalasynsyňyz! Beýik Serkerde — gudraty güýçli Hak Allam, bizi goldap, bize ýeňiş nesip eýle!

Edil soltanyň öňünde duran Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg we Abulkasym Saltyk beg dagy indi tolgunmakdan ýaňa göz ýaşlaryny soltandan gizlejek hem bolmaýardylar. Diňe Artyk beg gözlerini gyrpman, soltana dikanlap seredýärdi. Nogtasyny çeýnäp, burnundan we agzyndan ak köpük syçradýan, bir ýerde durman, hereket edip duran ak gyratyň üstündäki soltan ertekilerdäki, hyýaly gahrymana meňzeýärdi.

Az salym geçmänkä, duşman tarapdan söweş surnaýynyň sesi ýaňlandy. soltan Alp Arslanyň gazaply we tolgundyryjy sözleri bütin goşuny gaplap aldy: — Aýdanlarymy pugta ýatda saklaň, beglerim! Eý, gudraty güýçli Biribar, ýokdan bar eden Jelil, ynsy-jynsy ýaradan, Älemleriň hökümdary Hak Ýaradan, Ýa Allam, bizi goldawer, biz hiç wagt senden umydymyzy üzýän däldiris, Hak Allam!» Türkmen-seljuklary tarapyndan hem indi esgerleriň sesinden ýaňa Malazgirt meýdany lerzana geldi: «Soltanymyzy öz penaňda aman sakla, eý Allam! Biz soltanymyzsyz näme ederis, Hak Allam! Soltana şöhrat we şan bolsun! Soltanymyza ýeňiş nesip eýle, Hak Allam! Soltanym, siz biziň howandarymyz we biziň bu ýerdäki dem alýan howamyzsyňyz! Siz biziň ähli zady böwsüp bilýän Ýunusymyzsyňyz! Soltanymyza şöhrat, soltanymyza şan!....»

Dünýäni lerzana getirýän söweş jeňi başlandy. Esgerleriň aglabasy bir eli gürzüli, bir eli gylyçly duşman ýygynyna girip giden soltany görüp galdylar. Soltanyň polatdan guýlan, ýalawa çalym edýän gylyjynyň ýalpyldysy köplenç esgerleriň gözüne ilýärdi. Soltanyň gapdalynda barýan baş serkerde Afşiniň sesi häli-şindi eşidilip durdy. Söweşiň ähli tilsimlerini we gidişini Afşin beg her pursatda esgerlere aýdýardy.

Meşhur Malazgirt söweşiniň gidişi barada rus taryhçysy H.A.Skabalanowiç, wizantiýaly taryhçy K. Koen, Attaliat dagy jikme-jik ýazypdyrlar. Soltan Alp Arslanyň işläp düzen tilsimi (taktikasy) boýunça esasy goşun duşmanyň goşunynyň içinden çaltlyk bilen geçip, ony dik ikä bölüpdir. Ikä bölünen duşman goşunyna soň birleşmek başartmandyr. Her gapdalda bukuda duran türkmen-seljuklary duşmanyň aljyran we dargan goşunyny doly gabapdyrlar.

Wizantiýalylaryň baş serkerdesi hasaplanýan Andronik Dukanyň goşunlary nähili söweş tilsimlerini ulansa-da, gabawdan çykyp bilmändir. Serkerdäniň özi gizlinlik bilen gaçmagy başarypdyr. Imperator Roman Diogen IV bolsa, öz janpenalary bilen bilelikde erjellik bilen söweşipdir. Söweşiň ahyrky pursady imperatoryň ussat serkerdeligine gözi ýeten soltan Alp Arslan esgerlerine ony öldürmän diri ele salmagy tabşyrypdyr. Imperator halys ýadap, diri ele salnypdyr. Baş serkerde Andronik Dukanyň gaçanyny bilen esgerler ruhy taýdan egbarlapdyrlar we olara diňe boýun bolmakdan başga alaç galmandyr.

Elbetde, duşmany çaltlyk bilen aljyraňňylyga salyp, ony ruhdan düşürip, ýeňiş gazanmak türkmenleriň gadymy söweş tilsimleriniň biridir. Edil çölüň eýesi hasaplanýan gurduň aw tilsimini göz öňüne getirip görüň. Islendik süriniň üstünden gelen gurt, hemmeleri, gör, nähili başagaý edýär. Diňe hemme zat paýhynlanan soň, onuň yzyny görüp galýarlar.

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Agajan Ataýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.

  • 88
  • 10.09.2019