MAKALA

Uçýan taksi ulagyny tanyşdyrdy

Germaniýanyň «Volocopter» atly şereketi 18 perli şäher içinde taksi hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge niýetlenilen uçýan ulagyny tanyşdyrdy. Iki orunlyk ulagda el goşlary üçin hem ýer göz öňünde tutulypdyr. «VoloCity» atly ulag elektrik energiýasy bilen işleýär. Dikligine ýokary göterilip hem-de gonup bilýän ulag sagatda 110 km tizlik bilen hereket edýär. Ulagyň Ýewropa Awiasiýa Howpsuzlygy Agentliginiň ülňülerine hem gabat gelýändigi mälim edildi. Şereket golaýda söwda maksatly taksi hyzmatlaryny ýola goýmak üçin infrastruktura gurluşygyna başlar. Olaryň arasynda ulaglaryň uçuş-gonuş zonalary hem bar. Golaýda kompaniýanyň täze ulagy Singapurda halk köpçüliginiň öňünde görkezme uçuşyny ýerine ýetirer.

 

Zaman–Türkmenistan.

  • 11
  • 10.09.2019