MAKALA

Mukaddes toprak

Adamzat wagtyň akymyny kürekläp, aňly-başly ýaşaýşa gadam goýaly bäri, ähli mukaddeslikleriň, gowulyklaryň öz mukaddes Watanyňdan kemal tapýandygy hakyndaky beýik pelsepäni düýnden şu güne, şu günden hem geljege miras goýdy. Gadymy akyldarlaryň «Başlangyç nokat» diýen düşünjesine hem ruhy nukdaýnazardan çemeleşenimizde, bu ümmülmez dünýäniň ynsan üçin öz dogduk depesinden, Watanyndan gözbaş alýandygyna yşarat bermek isleýän ýaly. Her ynsanyň göbek ganynyň siňen Watanyndan onuň geljegi, ykbaly, bagtyýarlygy, söýgüsi we hut şu uly barlygyň özi başlanýar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, halkymyzyň: «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» diýmesi. Ýöne meniň özüm-ä ölinçä aglan şeýle mysapyryň öz dogduk Diýarynyň mukaddes gumuny ýassanyp bilmedik perýadyny sessizligiň bakylygynda hem dowam etjekdigine ynanýaryn. Hut şonuň üçin hem: «Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen, aýakda yz goýan seniň tikeniň» diýen ajaýyp setirleri her gezek gaýtalanymda, şahyry alkyşa besleýärin. Aslyýetinde hem Watana bolan yşk, söýgi, onuň mukaddesligine bolan tagzym ynsanyň ruhyýetine gan bilen geçip, ajaýyp hüwdülerdir pentler bilen kemala getirilip, bakylyga ýetirilen düşünjemikä diýýärin. Dünýäniň gyrasyna ýaňyja gadam goýan kiçijik bäbejige hem arzuw edeninde, «Watana, il-güne gerekli perzent bolawersin» diýýän halkymyz bu mukaddes düşünjäni adamçylygyň ähli ölçeglerinde çelgi edip ulanýar. Ähli mukaddeslikleriň gözbaşy Watanyň başlangyjy bolan serhediň näderejede mukaddeslige eýlenenligi bolsa, hiç hili düşündiriş talap etmeýän beýiklik bolsa gerek. Mukaddesligiň gözbaşynda uzyn gije kirpigini kirpigine çatman öz orunlarynda sak duran merdana serhetçileriň hüşgärligi, ak ýürekden edilen kasama wepalylygy «Watan serhetden başlanýar» diýen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik ynamy bilen has-da ganatlanýar. Taryhy sahypalara ýüzlenenimizde, Öwez Gündogdyýewiň «Aziýanyň gerçekleri» atly kitabynda: «Serhet aslynda döwletleriň döremegi bilen bir wagtda peýda bolýar. Ilkinji döwletleriň emele gelmegi bilen olaryň arasyndaky serhetler diňe bir alamatlandyrmalardanam ötri olary goramagyň zerurlygy ýüze çykýar» ýa-da «Türkmenler ajaýyp serhetçiler bolupdyrlar. Bu meselede olara müňýyllyklarda jemlenen harby tejribe ýardam edipdir» diýen setirleri hem Watan düşünjesiniň mukaddes serhetden gözbaş alýandygyny nygtaýar. Geçmişde serhede has golaý oturyp, onuň goragyna hemişelik berlen topara «Ak öýlüler» diýip at berilmegi, olaryň has gaýduwsyz ynsanlar hökmünde mertebelenmegi bolsa, halkymyzyň ygrar-ygtykadynyň watançylyk duýgularyndan gözbaş alýandygynyň alamaty bolsa gerek. Watanyň asudalygy, asmanynyň parahatlygy, durmuşyň abadançylygy, mukaddes ojaklaryň törüne bagt bolup dolmagyň özi hem dost-doganlyk araçäklerinde alnyp barylýan tutanýerli gullukdan gözbaş alýar. Biziň asuda gijeler başymyzy ýassyga arkaýyn goýup, ak säherler gündizleriň gujagynda gaýnap-joşýan bagtyýar durmuşda arzuwlarymyza sary arkaýyn ädimläp bilmegimiz, gije-gündiz, yssy-sowuk, dagdüz diýmezden mukaddes Watana gulluk edýän merdana ogullarymyzyň saklygyndan başlanýar. Şonuň üçin hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz özüniň «Watan goragy mukaddesdir» atly kitabynda: «Asuda serhedimiz döwletimiziň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir» ýa-da «Watanymyzyň serhetden başlanýandygy siziň gullugyňyzyň iňňän jogapkärlidigini we belent borçludygyny doly äşgär edýär» diýmek bilen, serhedimizi mukaddeslik hökmünde mertebelendirýär. Onuň goragynyň her kese ynanylmaýanlygy bolsa, serhetçileriň belent başlaryny elmydama gök diredýär. Taryhyň gatlarynda hem serhet goragy ynanyljak esgerleriň hemmetaraplaýyn hüşgär, eserdeň, gaýduwsyz, mert gahrymanlardan seçilmegine örän uly üns berlipdir. Dost-doganlyk araçäklerimiziň goragyna ykbalyny baglan serhetçi serkerde hökmünde Watan serhedimize we gaýduwsyz serhetçilerimize şeýle setirleri bagyşlasym gelýär.

Mukaddes serhetler, eziz serhetler,

Siz ata Watanyň başlanýan ýeri.

Goragy mertebe saýan gerçekler,

Gerek bolsa asla gaýgyrmaz seri.

Watan goragy merdana serhetçilerimiziň tutanýerli gulluklary bilen has-da pugtalandyrylyp, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk göreldesi, döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri bilen galkynýar. Mukaddes Watanymyzyň goragyny üpjün etjek ýurt goragçylarymyz yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän täze serhet galalarydyr birikmeleri ýaşaýyş-gulluk şertleriniň ähli amatlyklary bilen üpjün edilýär. Halkymyzyň Oguz handan gözbaş alan, «Ser berse-de ýer bermedik» merdanalygy, Göroglynyň, Alp-Arslanyň, Jelalletdiniň... ýanbermez ruhy Dädem Gorkudyň, Jygalybegiň, Magtymguly Pyragydyr Mäne baba ýaly danalarymyzyň paýhaslaryna sygyp, watanperwer millet hökmünde dünýäniň mertebe münberine göterýär. Watanyny jandan ileri saýýan illerimizde onuň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, parahatçylygy, abadançylygy üçin gullugynda gaýym durmak bolsa, diňe bir merdana serhetçilerimiziň däl, eýsem, her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.

 

Aknur Rozyýewa.

  • 57
  • 11.09.2019