MAKALA

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk ulgamy kanunlaşdyrylýar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky iş topary Türkmenistanyň «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Kanunynyň taslamasy taýýarlady. Bu taslama anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda ýurduň maglumat desgalarynyň we eýeçiligiň ähli görnüşinde ulanylýan aragatnaşyk ulgamlarynyň kibergoraglylyga degişlidigi aýdyldy. Olaryň hataryna döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de harby birikmeleriň elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron täjirçiligi, elektron resminama dolanyşygy ulgamlary girýär.

Täze kanunçylyk namasynyň esasy maksadynyň «kiberözbaşdaklygy» goramakdygy mejlisiň dowamynda habar berildi. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek üçin ýola goýulýan kanunçylyk binýady maglumat tehnologiýalaryny kiber hüjümlerden goramagyň esaslaryny kesgitleýär.

Ýurduň kiber taýdan goraglylygyny kämilleşdirmekde ýerli goranyş edaralary bilen bir hatarda, Türkmenistandaky halkara guramalary hem işler geçirýär. Muňa mysal hökmünde geçen ýylyň oktýabr aýynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky ofisi ýerli hünärmenler bilen birlikde ähmiýetli energiýa desgalaryny kiber hüjümlerden goramagy mowzuk edinen okuw-türgenleşigi geçirdi.

Türkmenistanda hereket edýän hususy maglumat tehnologiýalary kompaniýalary hem kiberhowpsuzlyk babatynda berýän hyzmatlaryny täze Kanuna görä şekillendirer. Şeýle kompaniýalardan «Türkmen Tranzit» mart aýynda kompaniýanyň düzüminde kiberhowpsuzlyk bölümini açypdy.

 

  • 5
  • 11.09.2019