MAKALA

Teňňeler — taryhyň ygtybarly çeşmeleri

Türkmen alymlarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Mänebaba ýadygärliginde geçiren ylmy gözlegleriniň netijesinde kümmetiň gündogar burçunda, 25-30 sm çuňlukdan, XIII-XIV asyrlara degişli düşegiň 5-7 sm aşagyndan kümüş teňňeleriň 91 sanysyndan ybarat hazynasynyň ýüze çykarylmagy milli mirasymyzy öwreniji ylmy jemgyýetçilikde içgin gyzyklanma döretdi. Çünki teňňeler arheologiýa ýadygärliklerden tapylýan mady gymmatlyklaryň iň arzylysydyr. Sebäbi olarda şanly taryhymyza, şöhratly atalarymyzyň ussatlyk bilen dolandyran döwletlerine, milli däplerimize we beýleki etnografiýa baýlyklarymyza degişli gymmatly maglumatlar jemlenýär.

Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň jümmüşinde biziň keremli topragymyzda dünýäniň zikgeçilik sungatynyň göwher-gaşyna öwrülen gymmatbahaly metaldan ýasalan teňňeleriň dürli görnüşleri döredilip pul-haryt dolanyşygynyň esasy serişdesi hökmünde tutuş sebitiň söwda-ykdysady ösüşine saldamly täsirini ýetiripdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda baý maglumatlar berilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň ikinjisiniň «Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly arheologiýa we etnografiýa adalgalarynyň gysgaça sözlügi» atly bölüminde şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde zikgelenip pul dolanyşygyna goşulan apbasy, çao, darik, denariý, dinar, dirhem, drahma, fels, gyran, halk, köpük, lira, miri, rial, şaýy, teňňe, tümen ýaly pul birlikleriniň gadymy görnüşleri barada juda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Mäne baba ýadygärliginden tapylan teňňeleriň taryhymyzyň çylşyrymly döwürlerine degişli bolan Ilhanlylar döwletine degişlidigi ylmy taýdan aýratyn ünsi çekýär. Alymlarymyzyň tassyklaýşy ýaly, täze tapylan teňňeler Hulagular — Ilhanlylar döwletiniň üç hökümdary Abakahanyň, Argunhanyň hem-de Ga-zanhanyň adyndan zikgelenipdir. Taryhy çeşmelerden mälim bolşy ýaly, bu döwletde Argunhan ady bilen hökümdarlaryň ikisi bolýar. Olaryň ikinjisi, ýagny atasynyň ady dakylan Argun II 12841291-nji ýyllarda döwlete hökümdarlyk edip, hut şonuň döwründe Çingiz hanyň nebereleriniň dolandyran Hulagular döwleti ilkinji gezek Ilhanylar döwleti diýlip atlandyrylyp başlanýar.

Halypa alym, taryh ylymlarynyň kandidaty T.Hojanyýazowyň tassyklamagyna görä, Hulagular döwletiniň hökümdary Abakahanyň ady taryhy-golýazma çeşmelerde gabat gelýän hem bolsa, onuň adyndan zikgelenen teňňeler henize çenli numizmatika ylmynda belli däldir. Ilhanylar döwletiniň has pajarlan döw-ründe hökümdarlyk eden Argun hanyň ady bilen zikgelenen teňňeler bolsa, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologiýa, taryhy-medeni ýadygärliklerinde ýüze çykaryldy. Arheologlarymyzyň Oguz şäheri bolan Şähryslam arheologiýa ýadygärliginde geçirýän gazuw-agtaryş işleriniň 2018-nji ýylyň güýzki möwsüminiň netijesinde hem tapyldy. Taryhy gymmatlyklara baý bu ýadygärliklerden tapylan teňňeleriň arasynda mundan başga-da, Abbasylar nesilşalygy we ondan soňraky döwürlerde höküm-darlyk eden halyf Al-Muktasfiniň (944-946 ýý.), Horezmşa Muhammet ibn Tekeşiň (1200-1220 ýý.) ady bilen zikgelenenleri bar.

Mäne baba ýadygärliginden tapylan teňňeleriň zikgelenen Hulagular Ilhanylar döwletiniň döreýşiniň we ösüşiniň gyzykly taryhy bar. Has anygy, bu döwletiň döredilişi gönüden-göni Çingiz hanyň nesil dowamatyna degişlidir. Mongol hanynyň baştutanlygyndaky goşunyň 1219-njy ýylyň sentýabrynda Orta Aziýa başlan ýörişi 1220-nji ýylyň tomsuna çenli eýýäm Mawerannahry doly eýeläp, Horezme we Horasana garşy hüjüme geçýärler. Çingiz hanyň kiçi ogly Tulynyň goşunlary Nusaýy, Abywerdi, Sarahsy, Merwi eýeleýär.Ýöne 1227-nji ýylda Çingiz han aradan çykandan soň onuň ýarag güýji bilen döreden ägirt uly imperiýasy birnäçe bölege (ulusa) bölünýär. Mawerannahr we Horezmiň bir bölegi Çagataý ulusyna, Horezmiň esasy ýerleri, şol sanda Demirgazyk Türkmenistan Juçi ulusyna — Altyn Ordanyň hökümdarlygyna, Günorta we Günbatar Türkmenistan Hulagu ulusyna girýär.

Bu döwürde Merkezi we Günbatar Aziýa ýurtlarynda esasy töleg serişdesi hökmünde altyn moneta esaslanan pul ulgamy hereket edipdir. Altyn teňňeler (dinar) bilen bir hatarda örän çäkli bolsa-da kümüş dirhemler we içerki söwda-da ýüzüne kümüş çaýylan mis dirhemler we mis felsler ulanylypdyr. Ol ulgam mongollar tarapyndan hem kabul edilipdir. Şoňa görä-de musulman ýurtlarynda zikgelenen mongol hökümdarlygynyň ilkinji teňňelerinde diňe bir musulmançylygyň nyşany keleme däl, eýsem, hat-da ähli musulmanlaryň ruhy ýolbaşçysy hasaplanýan Bagdat halyfynyň adynyň görkezilmegi hem dowam edipdir. Ilkinji mongol hökümdarlarynyň atlary teňňelerde örän seýrek görkezilipdir. Çingiz hanyň döwründe zikgelenen teňňeleriň aglaba köpüsinde hiç kimiň ady ýok, ýa-da diňe Bagdat halyfy an-Nasyryň (1180-1225ý.) ady görkezilipdir.

ХIII asyryň ikinji we üçünji çärýeklerinde mongol şalygynyň pul dolanyşygynda altyn teňňeleriň orny uly bolupdyr. Olar Orta Gündogaryň köp şäherlerinde — Merwde, Hyratda, Şafurganda, Buharada, Samarkantda, Hojetnde, Otrarda zikgelenipdir. Halkara pul aýlanyşygynyň esasy serişdesi bolan altyn teňňeler mongollaryň köp sanly uluslaryna-neberelerine bölünen şalygynyň ähli ýerlerine ýaýrapdyr.

Mongol şalygynyň döwründe Orta Aziýada ilkinji kümüş teňňeleri Almalyk şäherinde 1230-1231-nji ýyllarda, Samarkantda 1245-1246-njy ýyllarda zikgelenipdir. Kümüş dirhemler ХI-ХIII asyryň başlarynda kümüş-pul çökgünligi döwründe zikgelenen mis hem ýüzüne kümüş çaýylan mis dirhemleri kem-kemden pul aýlanyşygyndan gysylyp çykarylyp başlaýar. Netijede, ХIII asyryň ortalarynda söwda-da kümüş pul ulgamy doly dikeldilipdir.

ХIII asyryň ikinji ýarymynda Ilhanlylar döwleti döredilenden soň kümüş pul ulgamy has-da berkäpdir. Öňki pul birliklerinden altyn tümen, altyn balyş, altyn dinar, kümüş dirhem saklanypdyr. Kümüş balyş ýatyrylyp, onuň ýerine kümüş dinar girizilipdir. ХIII asyryň ahyrlarynda, has takygy 1293-nji ýylda, Ilhanlylar döwletiniň hökümdary Keýhatu hanyň ýörite nyşany esasynda ilkinji gezek «çao» diýip atlandyrylan kagyz pul belgisi dolanyşyga goýberilipdir.

Bu gadymy pul birligi barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle ýazylýar: «Çao — ilkinji gezek 693-nji hijri ýylynda (1293/1294ý.) Ilhanlylar (Hulagular) döwletiniň hökümdary Keýhatu hanyň (1291/1295 ý.) aýratyn nyşany bilen altyn we kümüş monetalaryň ýerine çykarylan kagyz pul birligi».Ýöne olar tiz wagtda öz hümmetini ýitiripdir we ulanyşdan galypdyr.

Ilhanlylar döwletinde ХIII asyryň aýaklarynda ХIV asyryň başlarynda salgyt ulgamy, pul dolanyşygy has tertipleşdirilýär. Özgertmeler Ilhanlylar döwletiniň şöhratly hökümdarlary Kepek hanyň (1318-1326 ýý..), Gazan hanyň (1295-1305 ýý..) atlary bilen baglydyr. Gazan hanyň geçiren özgertmeleri oba hojalygynyň, hünärmentçiligiň we söwdanyň janlanmagyna itergi beripdir. Ýurtda pul dolanyşygy hem düzgünleşdirilipdir. Özgertmelere görä esasy pul birligi hökmünde Altyn Ordanyň kümüş dirhemine barabar bolan agramy 1,8-1,9 gr. kümüş dirhem kabul edilipdir. Bu hanyň döwründe agramy we gymmaty boýunça 2 we 5 dirheme deň bolan pul birlikleri hem girizilipdir. Teňňeleriň görnüşleri-de üýtgedilipdir. Ozalky ýokary hilde, owadanlanyp ýazylan kufa hatynyň ýerine ýöntem ýazgylar peýda bolupdyr. Teňňeleriň ozalkysy ýaly arap ýazgysy ulanylypdyr. Ýöne indi arap dili hökmany bolman, türki dillerinde, aýratyn hem uýgur dilinde ýazgylar ulanylyp başlaýar. Teňňeleriň senesi sözler bilen bir hatarda sanlar bilen hem şekillendirilýär.

Teňňeleri öwreniş ylmynyň maglumatlaryna görä, ХIV asyryň birinji ýarymy Ilhanlylar döwletiniň ykdysadyýetiniň düýpgöter gowşamagyna we şalygyň synmagyna getirýär. Döwlet birnäçe özbaşdak mülklere bölünýär. Amyderýanyň orta akymyndaky Ilhanlylaryň ýerleri Jagataýlar tarapyndan eýelenýär. Horezmde ХIV asyryň 60-njy ýyllarynda ýerli Sopylar nesil şalygy döreýär. Bu döwürde Horezmiň pul ulgamy Altyn Orda nusgasynda zikgelenen kümüş teňňelere esaslanypdyr. Esasy pul birligi agramy 1,8 1,9 gr. bolan kümüş dirhem bolupdyr. Daşky görnüşi boýunça bu monetalar Ilhanlylar döwletlerinde kabul edilen nusga boýunça zikgelenipdir. Ýöne Horezmiň teňňelerinde haýwan şekilleri görkezilmändir. Moneta ýazgylary, adatça, teňňäniň adyndan, seneden, hökümdaryň adyndan ybarat. Käte atsyz teňňeler goýberilipdir. Örän seýrek agramy 1,5 gr. çenli altyn dinarlarda zikgelenipdir. Ýöne olaryň Horezmiň pul dolanyşygynda orny uly bolmandyr. Horezmiň pul dolanyşygynda Orta Aziýadan has daşda ýerleşen Deli soltanlygynyň, Müsür mamlýuklarynyň altyn teňňeleri-de giňden ulanylypdyr.

Görnüşi ýaly, Mäne baba ýadygärliginde tapylan teňňeler we olaryň ýüzünde beýan edilýän nyşanlardyr maglumatlar şanly taryhymyzyň wakalara örän baý sahypalary barada gymmatly maglumatlary ýüze çykarýar. Şundan ugur alsak, şeýle tapyndylaryň ylmy ähmiýeti örän uly bolup, ony mirasy öwrenmäge iňňän höwesjeň ýaşlarymyzyň bilmegi we içgin öwrenmegi, atalarymyzyň synmaz ruhy siňen gymmatlyklaryna hormat-sarpa goýmagy zerurdyr.

 

Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.

  • 100
  • 11.09.2019