MAKALA

Türkmen ýaşlary üçin taryhy gün

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Gurultaýa hormatly Prezidentimiziň duýdansyz gelip gatnaşmagy hasda täsirli boldy. Gurultaýda ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy hormatly Prezidentimize dabara gatnaşyjylaryň we ýaşlaryň adyndan sagbolsun aýtdy we nusgalyk pentlerini, öwüt-nesihatlaryny aýdyp, taryhy söz sözläp bermegini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda döwletimizde oýlanyşykly durmuşa ornaşdyrylýan ýaşlar syýasatynyň bu günki bagtyýar nesilleriň geljekde ata Watanymyzy gülletmekde, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini aýdyp, özüniň gymmatly öwüt-nesihatlaryny, watançylyk sargytlaryny berdi. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň geljekde mähriban halkymyza, eziz Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmeklerinde nusgalyk watançylyk mekdebi boldy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 6
  • 11.09.2019