MAKALA

Gündogar bilen günbataryň medeni gatnaşyklarynda Beýik Ýüpek Ýolunyň hyzmaty

Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyna gowşansoň, ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde we gaýtadan dikeltmekde ummasyz uly işler amala aşyryldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin” diýip arzuw eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen taryhynda görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi. Bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary we howandarlygy dur. 2018-nji ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly 2 jiltlik ajaýyp kitaby çap edildi.

Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady, söwda gatnaşyklardan başga-da, türkmen medeniýetini we ylmyny ösdürmekdäki goşandy hem uludyr. Mahmyt Kaşgarly, Ýusup Balasagunly, Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Ibn Sina, Faraby, Biruny, Horezmi, Baýram Han, Garajaoglan, Döwletmämmet Azady... ýaly beýik türkmen alymlarydyr şahyrlarynyň ylmy mirasy, has takygy, türkmen ylmy Beýik Ýüpek ýoly arkaly dünýä ýaýrady.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Horezm, Amul, Merw, Abiwerd, Nusaý, Farap, Dehistan... ýaly gadymy türkmen şäherleri we galalary bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň üstünden geçen kerwenler üçin ynamly, howpsuz merkezler bolup hyzmat edipdir. Bu hakykata arheologik tapyndylar, ýazuw çeşmeleri we taryhy maglumatlar aňryýany bilen şaýatlyk edýär.

Gündogar bilen Günbataryň medeni gatnaşyklarynda söwda ýollarynyň, has takygy, Beýik Ýüpek ýolunyň bitiren hyzmaty diýseň uludyr. Söwda ýollary halklaryň taryhy we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Taryhyň başlangyjyndan bäri adamzadyň hyzmatynda duran Beýik Ýüpek ýoly müňlerçe ýyllap dürli medeniýetlere degişli ençeme halklaryň biri-birleri bilen ysnyşykly we agzybir gatnaşyk etmeklerine sebäp boldy. Gündogar äleminiň Günbatar tarapyndan ykrar edilmegini, esasan, Beýik Ýüpek ýoly üpjün etdi we bu ýagdaý, ilki bilen, syýahatçy täjirler arkaly amala aşyryldy. Şu sebäpli hem halklaryň medeni gatnaşyklary rowaç alyp, has-da kämilleşendir. Bu gatnaşyklar syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, harby, edebi we medeni ugurlarda has hem işjeň ýöredildi. Şonuň üçin hem bu gatnaşyklaryň ýüze çykarylmagy, öwrenilmegi we medeniýet babatda özara täsirlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ornunyň kesgitlenilmegi uly ähmiýete eýedir.

Türkmenleriň taryh sahnasyna çykan döwründen başlap, birnäçe döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda bolandygy mälimdir. Beýik Ýüpek ýoly türkmen halkynyň beýleki halklar bilen mäkäm jebisleşmeginde, agzybirligiň we parahatçylygyň saklanmagynda diýseň täsirli bolandyr. Sebäbi Beýik Ýüpek ýoly türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Onuň ugrunda ýerleşýän ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyk saklan türkmenleriň sebitdäki oňyn ýagdaýy sebäpli türkmen topragy howpsuz gatnaw ýoly bolupdyr. Bu ýol Göktürkmen, Garahanly, Gaznaly, Seljuk, Horezmşalar ýaly türkmen döwletleriniň söwda-ykdysady taýdan ösmegine we kämilleşmegine alyp gelşi ýaly, jemgyýetçilik-medeni taýdan hem gatnaşyklaryň ösmegine oňyn şertleri döredýär.

Bu meselede irki döwürlerden bäri, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýaşan halklaryň biri-birleri bilen jebisleşmeginiň we olaryň medeni ösüşlerine näderejede goşant goşandygynyň ýüze çykarylmagy has-da peýdaly bolar.

“Beýik Ýüpek ýoly” söz düzümindäki “ýol” sözi irki döwürlerden bäri ulanylyp gelýän gadymy oguz-türkmen sözi bolup, ol barada türkmen dilinde ýazylan irki golýazma çeşmelerinde hem agzalýar. Türkmen diliniň irki sözlüklerinden Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwani lugat-at-türk” atly eserinde “ýol” sözüniň häzirki manyda hem ulanylýandygy ýatlanylýar. Eserdäki bir nakylda ýoluň bahasyna ýetip bolmajak bir nygmatdygy barada şeýle diýilýär: «Neçe mündüz erse, eş ezgü, neçe egri erse, ýol ezgü — Näçe akmak bolsa-da, ýoldaş ýagşy, näçe egri bolsa-da, ýol ýagşy.

“Beýik Ýüpek ýoly” adalgasy ilkinji gezek XIX asyryň ahyrlarynda ulanylyp başlanýar. Bu adalgany ilkinji gezek nemes geografy we geology Baron F.Won Riçhofen 1877-nji ýylda ýazan “Hytaý” atly eserinde ulanýar. “Beýik Ýüpek ýoly” düşünjesi bilen ýeke bir ýol däl-de, birnäçe ýoluň ady aňladylýar. Merkezi Aziýanyň iň gadymy harby we söwda-ykdysady gatnaw ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly özüniň adyny Hytaýdan oguz-türkmen topragyna, ol ýerden hem Günbatar ülkelerine ýüpegiň bu ýol arkaly iberilmegi sebäpli alandyr. Ortaýer deňzini Gündogar Aziýa baglaýan, Aziýadan aňryk söwda gurşawynyň ençeme asyrlap pajarlap ösen döwründe dörän Beýik Ýüpek ýoly, esasan, Gündogardan türkmen topragynyň üsti bilen Günbatara çenli uzalan ýollaryň medeni ugruny öz içine alýar. Gysgaça aýdanyňda, bu ýol Hytaýdan başlap, türkmen topragynyň üstünden geçip, Ýewropa çenli uzalyp gidýär. Ady agzalan nemes alymyndan soň, “Beýik Ýüpek ýoly” adalgasyny Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky asyrlarboýy dowam edip gelen söwda-ykdysady işler barada gürrüň gozganlaryň hemmesi ulanyp başlaýarlar.

Ýüpegiň we ýüpek dokamak senediniň ýüze çykarylmagy bilen, ýüpek ilkibaşda Hytaý topraklarynda, wagtyň geçmegi bilen Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky ähli ýerlerde esasy söwda serişdesine öwrülýär. Ýüpek, wagtyň geçmegi bilen, Hytaýda uly talaba eýe bolýar we gymmatlygy netijesinde-de, Hytaý mifologiýasyna çenli baryp ýetýär. Ýüpek we ýüpek önümleri irki döwrüň köp bölegine täsirini ýetirýär. Ol halkara söwdanyň hemme wagt esasy harydy bolmasa-da, üýtgewsiz gymmata eýe bolandyr. Günbatar ýurtlary ýüpek bilen tanyş bolansoňlar, ol iň köp talap bildirilýän önümleriň arasynda orun eýeleýär.

Bu döwürde emele gelen söwda gatnaşyklary, esasan, gündogar-günbatar merkezindäki belli ýollar we söwda merkezleriniň çäginde ösendir. Ýüpek önümleri, hoşboý närseler, şaý-sepler, deri önümleri Beýik Ýüpek ýoly arkaly Hytaýdan türkmen şäherlerine, ol ýerlerden hem başga ýerlere äkidilipdir. Bu ýagdaý şol döwürde güýçli bir söwda akymynyň bolandygyndan habar berýär.

(Dowamy bar)

 

Rahman ILMÄMMEDOW,

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

 

 

  • 27
  • 12.09.2019