MAKALA

Gündogar bilen günbataryň medeni gatnaşyklarynda Beýik Ýüpek Ýolunyň hyzmaty

(Dowamy)

Merkezi Aziýada uly araçäklere eýe bolan türkmen halky özüne mahsus medeniýetleri döredipdir. Amyderýa bilen Hazar deňziniň arasyndaky giň topraklar asyrlarboýy türkmenleriň ata Watany bolup gelipdir. Türkmenler, ýaşaýan şertlerine görä, çarwa medeniýetinden başga-da, şäher medeniýetini hem ösdüripdirler. Türkmen topragy özboluşly merkez, araçäk wezipesini ýerine ýetiripdir. Alymlar gadymy türkmen topragynyň diňe bir arabaglanyşyk däl, eýsem, çöllerden geçen, söweşjeň we parahatsöýüji, söwda gatnaşyklarynyň ösmegine uly goşant goşan, öz medeniýetini ýaýradan we syýahatçylaryň arkaýyn syýahat etmeklerine we tejribe gazanmaklaryna oňyn şert döreden toprakdygyny nygtaýarlar. Merkezi Aziýada bürünç döwürden başlap, demirgazyk we gündogar sebitlerinde maldarçylyk bilen meşgullanan halklaryň ekerançylyk bilen baglanyşykly sebitara medeniýeti emele gelýär. Bu ýagdaý olaryň türkmenler bilen söwda gatnaşyklarynyň çaltlaşmagyna alyp gelýär. Bu ýollaryň emele gelmeginde türkmenleriň bitiren hyzmaty uly hasaplanylýar.

Gadymy türkmen döwletleriniň Hytaý bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary uzak wagtlap dowam edip, Hytaýyň beýleki halklar bilen söwdalarynda bolşy ýaly, türkmenler bilen söwda gatnaşyklarynda ýüpegiň ähmiýeti elmydama möhüm orun eýeläpdir. Iki halkyň harby hem-de medeni ugurlarda özara täsir etmekleri dürli görnüşlerde täsirini görkezipdir.

Beýik Ýüpek ýolunyň geçiş ýollaryny öz gol astynda saklamak we onuň gözegçiligi üçin geçmişde köp göreşler bolup geçýär. Bu ýoluň haýsydyr bir bölegini öz gol astynda saklan döwletler gysga wagtyň içinde ösüp, medeni we ykdysady ýagdaýlary güýçlenipdir. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir harytlaryň alyş-çalşyny däl, şol bir wagtyň özünde ylymda, medeniýetde we sungatda ýetilen sepgitleri hem öz içine alýar.

Ýüpegiň ilkinji öndürilip başlanan ýeri hasaplanylýan Hytaý ýüpegi bilen meşhurlyk gazanan döwletdir. Ýüpegiň öndürilişi ençeme asyrlap Hytaýda syr hökmünde gizlin saklanýar we beýlekiler tarapyndan gyzyklanma bildirilýär. Hytaýda ýüpek ähli ertekileriň we rowaýatlaryň gatlaryna hem siňendir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynda, zerurlyga laýyklykda, tebigatyň we yklymyň täsiri bilen oňaýly ýaşaýyş ýerlerinde şäherler we obalar gurlupdyr. Bular uzak ýerlere haryt we ýolagçy gatnadýan täjirlere düşelge bolup hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýoly, takmynan, 10 müň kilometr uzynlyga eýe bolupdyr. Bu söwda ugrunyň iň uzyn we iň möhüm gurşaw bolandygyny aýtmak mümkin.

Soňky döwürlere çenli Hytaý bilen Günbataryň arasynda diňe ýekeje bir ýoluň bardygyna ynanylýardy we bu ýol ençeme ýyllap üýtgewsiz ulanylýar diýlip hasap edilýärdi. Emma taryhçy alymlar Beýik Ýüpek ýolunyň iki sany esasy güzeriniň, ýagny Demirgazyk Ýüpek ýoly (bozgr ýoly hem diýilýär) we Günorta Ýüpek ýoly ugrunyň bolandygyny nygtaýarlar. Bu ýollaryň ikisi hem Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup hyzmat eden türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Harytlary ilki Hytaýdan Merkezi Aziýa, ýagny türkmen topragyna getirer ekenler, bu ýerden hem merkezi aziýaly täjirler olary Amyderýa we Uzboýyň gadymy hanasynyň ugry bilen Hazar deňzine çenli, ol ýerden Ýewropa çenli ýetiripdirler.

Taryhyň irki döwürlerinden başlap, adamzada hyzmat edip gelen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen söwda gatnaşyklary, esasan, gündogar we günbatar merkezindäki belli ýollar we söwda merkezleriniň töwereginde ösendir. Bu ýoluň ugrunda emele gelen häkimiýet göreşleriniň düýp sebäbini ykdysady sebäpler emele getirendir, ýagny her bir döwlet öz halkynyň ýetmezçiliklerini arkaýyn üpjün etmek üçin, döwrüň iň möhüm ulag we söwda ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoluny gol astynda saklamaga synanyşýardy. Bu ýoluň käbir bölümlerini öz gol astynda saklan döwletler gysga wagtyň içinde ösüp, güýçlenip, şadöwletleri emele getirendir. Bu sebitlerde Göktürkmen, Garahanly, Seljukly, Horezmşalar ýaly türkmen döwletleri häkimlik edipdir.

Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasynda jemgyýetçilik, syýasy, ykdysady we medeni täsirleşmelerde hem köpri hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şonuň üçin ady agzalan gatnaşyklaryň ýüze çykarylmagy we medeni paýlaşykda Beýik Ýüpek ýolunyň ornunyň kesgitlenmegi diýseň uly ähmiýete eýedir. Gadymy türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylyp gelipdir. Türkmen halky ençeme asyrlap gündogardan günbatara giden kerwenlere türkmene mahsus parahatsöýüjilik, jebislik we adamkärçilik ýaly oňyn häsiýetlerini görkezip, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr.

Rahman Ilmämmedow,

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň

uly ylmy işgäri.

  • 28
  • 13.09.2019