MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Türkmen alabaýy»

Asyrlaryň sungatyna

Dowam türkmen alabaýy.

Halkyň milli gymmatyna

Kemal türkmen alabaýy.

 

Ýurdum – joşgunyň mekany,

Toýuň, buşlugyň mekany!

Gujurly, syzgyr, wepaly,

Merdan türkmen alabaýy.

 

Durky peleň, şir mysaly,

Mizemez şöhratly ýoly.

Gerek bolsa, gerçek ýaly

Edermen türkmen alabaýy.

 

Penasynda hatar nerler

Ýol geçendir kerwen-kerwen.

Agramyna altyn berlen,

Halal, türkmen alabaýy!

 

Goja taryhda ady bar,

Geçmişden janly ýadygär!

Waspy dünýäni jadylan,

Ykrar türkmen alabaýy.

 

Nepis halym, bedewim deý,

Mirasdyr bu pederimden.

Ýeňişleriň hataryndan

Nyşan türkmen alabaýy!

 

  • 76
  • 14.09.2019