MAKALA

Bilim – ösüşleriň binýady

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylymyzda täze okuw ýylyna gadam basdyk. Şeýle bagtyýar günlerde hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerine has-da aýdyň göz ýetirýäris. Bu günki ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sagdyn pikirli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Bu bolsa biziň her birimizi buýsandyrýar, köňül guşumyzy ganatlandyrýar.

Ylym-bilim ähli ösüşleriň, özgerişiň düýp esasy hasaplanýar. Şeýle bolansoň, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň kämilligi, bilimli bolmaklary ugrunda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen her ýylda ençeme döwrebap çagalar bagy, mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Özi hem her bir bilim ojaklary döwrebap kompýuter enjamlary, tehnologiýalar, kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa bilim işini döwrüň talabyna laýyklykda guramaga, sapaklary täsirli alyp barmaga ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem bu mümkinçilikler mugallymlary we bilim işgärlerini döwrebap işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge borçlandyrýar.

Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleriň döwrebap kompýuter enjamlary, tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi sanly bilim ulgamyna geçmäge täze şertleri döredýär. Çünki bilim bermegiň sanly ulgamyna geçmek ýaşlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk bilim almaklaryna ýardam edýär. Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynda bilim bermegiň sanly görnüşine geçilýär. Biziň ýurdumyz hem dünýä bilen aýakdaş gadam basyp, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerimizde iň täze kompýuter tehnologiýalara esaslanýan sapaklary guraýarlar. Bu hem sanly bilim ulgamynyň esasy şerti bolup durýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde zehinli ýaşlarymyzyň bilimli bolmaklaryny gazanmak, olaryň başarnyklaryny dogry ýola gönükdirmek we kämil hünärmen edip ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilýändigini hem bellemek örän ýakymlydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň ady Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýlip, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy. Bular jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösüşinde aýratyn taryhy wakalardyr. Sebäbi ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklarynda, okuw işini guramakda ýokary okuw mekdepleriň orny uludyr. Şu ýerde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda dünýäniň on iki diliniň hünär hökmünde öwredilýändigini aýtmak gerek. Esasan hem, türkmen dilini hünär dili hökmünde öwredilýändigini belläsimiz gelýär. Munuň özi ene dilimizi ylmy esasda öwrenjek ýaş hünärmenleriň, alymlaryň sanynyň has-da köpeljekdiginden habar berýär. Bularyň hemmesi ösen döwrüň ylym-bilimdäki batly gadamlaryny aýdyň görkezýär.

Berkarar Diýarymyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna gabat gelýän bilim we milli terbiýe utgaşykly alnyp barylýar. Sebäbi döwrebap bilimiň milli terbiýeden gözbaş alýandygyny bellemegimiz gerek. Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir. Milli terbiýede ýaşlaryň bilimli bolmagyny gazanmak bilen bagly birnäçe pähimler, nakyllar bar. Türkmen halky ýedi hazynanyň birini hem hut ylym-bilim bilen baglanyşdyrýar. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime nähili garandyklaryny görkezýän hakykatdyr. Halkymyz ylym-bilime ösüşleriň, berekediň çeşmesi hökmünde garapdyrlar. Şonuň üçin hem «Akyl ylmyň hyrydary», «Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat», «Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag», «Kitap okan magnydan dok», «Ylym – akylyň ýarysy», «Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al – daşa ýaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň» ýaly ençeme nakyllar pähimdar halkymyz tarapyndan döredilipdir. Nakyllar bolsa halkyň durmuşy, durmuş tejribesi, ýaşaýşy bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Diýmek, şeýle pähimler halkymyzyň ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli etmek bilen bagly durmuş tejribesiniň netijesidir. Şu asylly ýörelge hem bu günki bagtyýarlyk döwrümiziň möhüm ugurlarynyň biri bolýandygy diýseň buýsandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilimiň mundan beýläk hem ösdürilmegini, halkymyzyň asylly ýörelgesini dowam etmegi esasy ugurlaryň biri edip goýýar. Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz ylmy we tehnologiýalary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris» diýip bellemek bilen, ylymbilimiň, tehnologiýanyň ähmiýetini has-da belende göterdi. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylmyň iň täze gazananlary, tehnologiýalar ylym-bilim ojaklaryna berk ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri has-da artýar.

Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyzyň ylym-bilimli bolmaga bolan höwesleri has-da ýokarydyr. Şeýle işjeňlik, uly höwes bilen ýapyşýan ýaşlarymyz okamagy, dünýä dillerini öwrenmegi hem öz öňlerinde maksat edip goýýarlar. Şonuň üçin hem bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşlary dil babatda, bilim ugrunda örän kämillik derejesine eýe bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanýan ýaşlarymyzyň dünýä dillerini bilýändikleri, olaryň ylmy kitaplary okaýandyklary biz üçin diýseň buýsandyryjy. Munuň özi biziň geljegimiziň hem has-da ösüşli boljakdygyny aňladýar. Bulary biz geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň kämil biliminde aýdyň görüp bilýäris. Elbetde, şeýle kämil nesilleriň ýetişýändigi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň netijesidir.

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylymyz ösüşlere, bagtyýarlyga beslenýär. Bu ajaýyp döwürde ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek, milli gymmatlyklarymyzy öwretmek bagtyýarlykdan nyşandyr. Halkymyzy bagtyýarlyk döwrüne ýetiren, ýaş nesillerimiziň geljegi barada alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

 

Täzegül Ymamgulyýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dosenti.

  • 19
  • 17.09.2019