MAKALA

Soltanyň kasamy

(Dowamy)

(Dünýä taryhynda juda şöhratly ýeňiş hökmünde baha berlen türkmen-seljuklarynyň soltan Alp Arslanyň ýolbaşçylygynda wizantiýalylaryň üstünden gazanan meşhur Malazgirt ýeňşi barada söhbet)

Meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ene gurt» atly powestinde ýazyşy ýaly, gurduň inen ýerini ne köpekler, ne-de awçylar biler. Ony tutmak, onuň öwezini dolmak beýle-de dursun, diňe adamlarda aldajy-algyr gurt barada ýatlamalar galýar...

Söweş tamamlanan badyna diri ele düşen Roman Diogen IV bilen soltanyň özara gürrüňdeşligi bolup geçipdir. Soltan Alp Arslan onuň ussat serkerdedigini aýdypdyr. Soltanyň: «Eger-de men seniň eliňe diri ýesir düşenimde, näme ederdiň» diýen soragyna imperator hiç-hili çekinmän: «Öldürerdim» diýip jogap beripdir. Paýhasly soltan bolsa: «Men seni öldürmäýin, sen ýurduňa gaýt, geçirimlilik we ynsanperwerlik türkmenleriň ganybir häsiýetleriniň biridir» diýipdir. Netijede, ýeňlen imperator bir million dinar (gyzyl pul) möçberinde paç tölemeli edilipdir we Wizantiýanyň gündogar ýerleri, Ermenistan, Siriýa türkmen-seljuklaryň mülkleri diýlip yglan edilipdir.

Roman Diogen IV bolsa, öz ýurduna gaýdyp baranda, onuň çykdajylarynyň öwezini dolmagyny talap edipdirler we onuň gözüne gurşun guýup öldüripdirler. Soltan Alp Arslana indi Ýakyn Gündogara geçmäge we yslam dünýäsini haçparazlaryň abanýan howpundan goramaga ýol açylypdyr. Ol şonuň üçin Wizantiýanyň eýelenen gündogar bölegini söweşde tapawutlanan serkerdelerine mülk ýerleri hökmünde paýlap beripdir we ol mülk ýerleriň hemişelik türkmenleriň eýeçiligi bolmagy barada perman çykarypdyr.

Meşhur serkerde Meňgüjük beg (Malazgirt söweşinden soň gazy lakamy berlipdir) Anadolynyň Erzinjan, Kemah, Diwrigi we Gündogar Garahysar diýen ýerlerini eýeläpdir we ol ýerde öz begligini döredipdir.

Atsyz ibn Uwak bolsa, Kudusa (Iýerusalime) çenli baryp ýetipdir we onuň töwereklerini eýeläpdir. Soňra ol 1076-njy ýylda birnäçe gezek Siriýanyň paýtagty Damasky eýelemek üçin ýörişler geçirýär. 1076-njy ýylda Damasky hem eýeleýär. Kudusyň (Iýerusalimiň) we Damaskyň töwereklerinde onuň ady bilen bagly ençeme beglikler bolupdyr.

Danyşment beg bolsa, Siwasda öz begligini, Abulkasym Saltyk beg hem Erzurum, Baýburt, Tarjan, Minjingert, Ispir, Olty ýaly ýerlerde öz begliklerini, Kurly beg Palestinada öz begligini esaslandyrypdyr.

Gaýduwsyz serkerde Sadr beg hem Diýarbekirde mülk ýerleri edinipdir we ol ýerlerde öz begligini esaslandyrypdyr. Artyk beg Gündogar Anadolynyň Mardin, Silwan diýen ýerlerini öz mülkine öwrüp, ol ýerlerde öz begligini döredipdir.

Soltan Alp Arslanyň ýörite permany bilen döredilen, ýokarda ady agzalan serkerdeleriň Gündogar Anadolydaky beglikleri iki sany taryhy wezipäni ýerine ýetiripdir. Birinjisi, Ýewropadan gelýän haçparazlaryň ilkinji ýörişleriniň öňlerine böwet bolupdyr. Ikinjisi, bolsa, Günbatara we Anadoly ýerlerine mundan beýläk türkmenleriň köpçülikleýin göçmekleriniň başyny başlapdyr. Soltan Mälik şa 1076-njy ýylda öz doganoglany Süleýmany Anadoly türkmen-seljuk döwletiniň soltany edip belläpdir. Soltanyň bu göçümi Alp Arslan döwründäki eýelenen türkmen mülklerini bitewüleşdirmekden we olary bir döwletiň düzümine salmakdan ybarat bolupdyr. Soltan Mälik şanyň döwründe Günbatara, ýagny Anadoly ülkesine türkmenleriň gelmekleriniň ikinji döwri bolupdyr.

XIII asyryň başlarynda Merkezi Aziýa mongol çozuşlarynyň başlanmagy bilen, Horasandan türkmenler köpçülikleýin ýagdaýda Anadoly ülkesinde öňden ornaşan watandaşlarynyň ýanyna göçüp gelip başlapdyrlar. Şol döwür türkmenleriň aglabasy meşhur soltan Jelaleddiniň baştutanlygynda Anadoly ülkesine göçüp gelipdirler. Soltan Jelaleddiniň bu ülkä gelmeginiň esasy sebäbi hem bu ýerdäki öňden gelen türkmenlerden mongol basybalyjylaryna garşy göreşmek üçin goşun kömegini almakdan ybarat bolupdyr. Ýeri gelende bellemeli ýagdaýlaryň biri hem, soltan Jelaletdiniň goşuny bilen meşhur serkerde Ärtogrul Gazy hem Merwden bu ülkä öz adamlary bilen bilelikde gelipdir. Bu göçüş bolsa, türkmenleriň bu ajaýyp ülkä üçünji taryhy göçüş döwri bolup hasaba alnypdyr. Elbetde, bu ýagdaýlary beýan etmek özbaşyna bir uly taryhy kyssadyr.

Anadoly ülkesine ilkinji gadam basmak bagty miýesser eden, soltan Alp Arslanyň ýakyn egindeşleri we serkerdeleri Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagyny bu ülkäniň ajaýyp tebigaty, üç tarapy deňiz bilen gurşalan bu ýurduň gözelligi özüne bendi edipdi.

Galyberse-de, bu ajaýyp ülkäniň demirgazygyny gadymy Kawkaz, günbataryny Ýewropa, gündogaryny gadymy pars, günortasyny bolsa elýetmez arap medeniýeti baglaýardy. Ýokarda ady agzalan serkerdeler bu ajaýyp ülkede soltan tarapyndan berlen mülk ýerlerde öz begliklerini döredip, ol beglikleri dolandyrmak işleri bilen meşguldylar. Malazgirt söweşinden soň, şöhraty we abraýy arşa galan soltan Alp Arslan Amyderýadan geçip, Mawerennahr ýerlerini (Amyderýa bilen Syrderýa aralygy arap dilinde Mawerannahr, ýagny derýa aralyk diýmekligi aňladýar) dolandyrmak işlerine başlaýar. Taryhçylaryň ýazmaklaryna görä, 1072-nji ýylyň güýzüniň ahyrlarynda soltan Alp Arslan gadymy Horezmiň Biruny obasynyň golaýynda bir näkesiň hanjarynyň pidasy bolýar. Ol agyr ýaraly ýagdaýda gyşa çenli Merwde köşkde bejerilse-de, hiç-hili däri-derman peýda etmeýär. Hanjardan tene geçen awy bütin göwräni zäherleýär. Soltanyň Anadolydaky meşhur egindeşleri bu ajy habary eşidip, çaltlyk bilen Merwe gelýärler. Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg öz soltanyny görmäge howlukýardylar. Agyr haldaky soltanyň ýanyna baş tebip onuň çagalyk dosty Afşine gelmäge rugsat berýär. Afşin, her näme-de bolsa, baş tebibe bir-iki agyz özi bilen gürleşer ýaly etmegi ýürekden haýyş edýär. Däri-dermanyň güýjüne soltan zordan ysgyna gelýär. Taryhçy Mustafa Nejati Sepetçioglunyň bellemegine görä, örän gysga wagtlyk, soltan bilen onuň söwer dostunyň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçýär.

Soltan: «Anadoly ülkesinden näme üçin geldiňiz?!» diýýär. Afşin soltanyň babyr bileklerini öpüp şeýle diýýär: «Soltanym, hemme zatdan beter, bize siz gymmatly. Allajan, size ömür bersin, soltanym...» Soltan agyr halda bolsa-da, serkerde Afşini sözüni soňlamaga goýmady. Ol çalaja pyşyrdy bilen: «Malazgirt jeňini özüň bilýäň, Afşin! Ol ülke bize, gör, nähili, gymmat düşdi. Beýik, Gudraty Güýçli Biribar ol ajaýyp ülkäni bize peşgeş berdi. Beýik Biribar bolsa, diňe öz söýen bendelerine şeýle ajaýyp ülkäni peşgeş berýändir. Malazgirt jeňinde Beýik Allam biziň dilegimizi eşitdi we bizlik boldyAfşin!» Afşin bolsa, gürlemek beýle-de dursun, diňe soltana seredip, ýarym-ýaş aglaýardy, diňe baş atmak bilen oňýardy. Soltan sözüni dowam etdi: «Haýal etmän yzyňyza gidiň. Bizanslara (wizantiýalylara) we haçparazlara indiden beýläk ol ülkede orun bolmaly däldir. Ol ýerleri indi diňe türkmenleriň mülki bolup, musulman ymmatyny goraýan ülkä öwrülmelidir. Meniň permanymy gaýtadan oka, Afşin! Allatagala ýene-de bir kişini soltanlyga göterer, ýöne ol beýle ajaýyp ülkäni hemme bendesine peşgeş berýän däldir. Beýleki serkerdelere-de aýt, soltanlaryny hemişe ýanynda ýaly duýsunlar. Haýal etmän dolanyň we Allanyň beren ülkelerine eýelik ediň....» Tebip soltanyň çadyryndan Afşini çykardy, soltanyň haly egbarlapdy.

Soltanyň sözi ol serkerdeler üçin permandy. Olar çaltlyk bilen Merwden ugradylar. Merwden Sarahsa gelen serkerdeler az-kem dynç alyp, uzak ýola şaýlanmak üçin, haýsy ýoldan gitmelidigini maslahatlaşdylar. Uzak Merw menzili yzda galypdy. Afşiniň uzak ýola we özüniň müdimilik galjak uzak menziline ugramazlarynyň öň ýanyndaky sözleri beýlekileri hem ejizletdi: «Eý, ata Watanym Merw, dabanym gatan Garagumum, hoş galyň! Indi biziň gaýdyp, bu topraklara dolanmaýandygymyz üçin, bagyşla, eý, gadymy Merw! Sen Anadolyda hem ýüreklerde ýaşarsyň, eý, heňňamlaryň köp külpetini gören Merw! Beglerim! Soňky gezek ata Watanymyzyň ýollaryna garalyň. Biz bu ýerde köp eglensek, bizi ejizlik basmarlar. Ejizlesegem, soltanymyzyň ol beýik wesýetlerini kim ýerine ýetirer?!» diýip, ol galan sözleri aýdyp bilmän, damagy dolmakdan ýaňa, çaltlyk bilen atyna mündi. Afşin «ugraýas» diýen manyda serkerdelerine baş atdy. Olaryň hemmesi örän kynlyk bilen soňky gezek Merwe gidýän ýola juda tolgunmak bilen garadylar. Ine, şeýdip meşhur soltanyň çagalyk dostlary we egindeşleri beýik wesýeti ýerine ýetirmek üçin Anadola ugradylar.

Olar tiz wagtdan gadymy pars ülkesiniň bir çetinden girdiler. Afşiniň maslahaty bilen olar gadymy Eýranda hem kän eglenmän, ol ülkäniň üstünden aşyp, çaltlyk bilen Anadola girdiler.

Indi soltan Alp Arslanyň meşhur serkerdeleri üçin başga döwür başlady. Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagy ýolda Afşine: «Sen örän bagtly ynsan, Afşin! Soňky pursatda hem sen soltanymyzy gördüň. Biz üçin mundan beýläk soltanymyz düýşümize girse-de, ykbaldan müňde bir razy. Goý, soltanym bizden razy bolsun! Biz ömrümiziň galan bölegini ata Watandan alysda bolan Anadolyda bolup, soltanyň beýik wesýetlerine wepaly bolarys. Soltanymyzyň Malazgirtdäki sözleri bize hemişe ganat berer» diýip, öz-özlerini köşeşdiripdirler.

Meretguly Öwlýägulyýew, Agajan Ataýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.

  • 43
  • 17.09.2019