MAKALA

«Türkmen alabaýy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy dowam edýär

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi edarasynyň mejlisler zalynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Oňa serhetçi serkerdeler, harby talyplar we esgerler gatnaşdylar. Täze kitabyň tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda peşgeş beren «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň many goýazlygy, çeperligi we taryh bilen bagly gyzykly maglumatlary dogrusynda nygtadylar. Şeýle-de kitapda türkmen alabaýyna degişli gyzykly maglumatlar bilen bir hatarda, tymsallaryň üsti bilen açylýan göwün göteriji, edermenlige, batyrlyga ruhlandyryjy pikirlere duşmak bolýandygy aýdyldy.

Çäre «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdymlar bilen utgaşykly dowam etdi. Dabaraly çäräniň ahyrynda bolsa, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmen alabaýy» atly goşgusyna döredilen aýdym ýaňlandy. «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu aýdym harby gullukçylarymyz tarapyndan ör turulyp, el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra dabaranyň çäklerinde türkmeniň millilik dünýäsini açyp görkezýän sergi guraldy. Sergide hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk kitaplary, ahalteke bedewlerimiziň esbaplary, senetçilik hem-de haly önümleri, türkmen alabaýlarynyň hakyky häsiýetini görkezýän çekilen we foto suratlary, ýasalan alabaý şekilleri bu ýere ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi. Yhlas bilen çekilen suratlar sergä gelen harby gullukçylarda türkmen alabaýlaryna, awçy tazylaryna we ýelden ýüwrük bedew atlaryna çäksiz hormat-sarpanyň bardygyny dabaralandyrdy. Şeýle-de bu ýerde wideo ekran arkaly türkmen alabaýyny wasp edýän wideoşekiliň görkezilmegi, serginiň täsirliligini has-da artdyrdy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 113
  • 18.09.2019