MAKALA

Türkmen türgenleri 8 aýda halkara ýaryşlarda 186 medal gazandylar

Şu ýylyň 8 aýynyň dowamynda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty hem-de olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy.

Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna, Aşgabatda geçiriljek sambo we welotrek boýunça dünýä çempionatlaryna hem-de futzal boýunça Aziýa çempionatyna düýpli taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär.

Degişli döwürde türkmen türgenleri dürli derejeli halkara ýaryşlarynyň 121-sine gatnaşyp, jemi 186 medal (68 altyn, 57 kümüş we 61 bürünç) gazandylar.

Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji sentýabrdaky mejlisinde habar berildi.

  • 28
  • 18.09.2019