MAKALA

Täsin telewizorlar

Dürli tehnikalary işläp taýýarlaýjylar telewizorlary has kämil görnüşde ýaýratmak maksady bilen, olary hertaraplaýyn ösdürmäge çalyşýarlar. Olar reňkiniň durulygy, sesiniň sazlygy, görnüşiniň ýakymlylygy, ekranynyň ululygy we başga-da birnäçe ugurlary boýunça dürli işläp taýýarlamalary ulanyjylara hödürleýärler. Otagyň gurluşyna laýyklykda, göwrüme hem aýratyn üns berilýär. Şeýle-de bolsa, işläp taýýarlaýjylar telewizorlaryň gurluşy taýdan biri beýlekisinden täsin, üýtgeşik we özüne çekiji görnüşlerini ýaýratmagy dowam edýärler.

Kartoşka fri

Bu kiçijik hem ykjamja telewizordyr. Ol şekilleri ýokary hilli görkezýänligi üçin meşhurdyr. Kagyz gutynyň içine gyzardylan ýeralmalar ýerleşdirilen ýaly görnüşde ýasalan bu telewizor çagalaryň uzak wagtlap halaýan gepleşiklerinedir multfilmlerine üns bilen seretmeklerine mümkinçilik döredýär.

Samsung «SGH-P90»

Daşyndan göräýmä­ge, mun­dan 10-15 ýyl ozal ýaýradylan adaty telefon ýaly bolsa-da, işläp taýýarlaýjylar oňa hakyky telewizoryň hyzmatlaryny siňdirmegi başarypdyrlar. Bu täsin telewizor kinofilmleri görmegi halaýanlaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Islän wagtyň, oňaýlyja ýerde gowy görýän kinofilmleriňi ýazgyda hem görmäge mümkinçilik bolýar.

Alma telewizor

Ol adaty telewizora meňzese-de, alma görnüşli gutynyň içine ýerleşdirilenligi üçin adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Täsin telewizor aşhanada goýulsa, has-da ýerine düşer, çünki şeýle görnüşdäki «elektron miwe» aşhana otagynyň bezegi bolup, maşgala agzalarynyň uludan-kiçä ählisiniň keýpiçaglygyna oňyn täsir edýär.

Taýýarlan Maýa APBAÝEWA.

  • 38
  • 18.09.2019