MAKALA

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hem ähli harby bölümlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Golaýda şeýle duşuşyk Türkmenistanyň Serhet institutynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik müdirliginiň işgäri, şeýle-de institutyň mugallymlary, serkerdeleri, harby talyplary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça biraýlygyň ýurdumyzda geçirilmeginiň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän taryhy işleri, ynsan saglygyny goramakda alnyp barylýan giň möçberli çäreler, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça sürüjileriň we pyýadalaryň öňünde durýan möhüm borçlar, wezipeler dagrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça görkezilen wideşekiller çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

 

Begenç Öwezow.

  • 35
  • 19.09.2019