MAKALA

Sanly bilim — döwrebap ösüş

Bagtyýar Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamy kämilleşdirilýär, döwrebaplaşdyrylýar hem-de halkara derejesine eýe bolýar. Döwrebap ösüşli ýurdumyzda bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegi, ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy, önümçiligiň täzeçe guralmagy bilen uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçilikde ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy işleriň guralyşyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda giň gerimli bilim özgertmeleri geçirilýär. Olaryň ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişmeklerinde ähmiýeti uludyr.

Milli Liderimiz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” tassyklady. Bu resminama bilim bermek işine, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, internet torunyň kämilleşdirilmegine, elektron kitaplaryň döredilmegine, programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanmagyna, kompýuter tehnologiýalary boýunça maslahatlaryň we okuw sapaklarynyň geçirilmegine ýakyndan ýardam edýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyz beýik ynama, kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, bagtyýar öňe gitmelidirler» diýen sargytlaryndan ugur alnyp, Diýarymyzda ylym-bilim işiniň guralyşyna we berilýän bilimiň amaly ähmiýetine, bilim bermegiň usulyny kämilleşdirmekde kompýuter tehnologiýalaryna uly orun berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri täze tehnikalar bilen enjamlaşdyrylyp, ylym-bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar. Ösen aň-düşünjeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň innowasion tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegine hem ýardam berýär. Ýurdumyzda gurulýan ähli desgalar dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ilatymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak Gahryman Arkadagymyzyň baş maksady. Bu maksatlara ýetmek üçin, hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, ýaşlaryň her biriniň irginsiz zähmet çekmegi, okuw sapaklarynda yhlasly okamagy gerek. Hususan-da, döwletimiziň berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda ýaşlara möhüm orun berilýär. Sebäbi ýurdumyzyň şu güni we ýagty geljegi köp babatda ýaş nesilleriň bilim derejesine baglydyr. Ösüşleriň täze belentliklerine barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde Gahryman Arkadagymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Onuň üstünlikli bolmagy köp babatda häzirki döwürde ýaşlaryň alýan bilimleriniň hiline bagly. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bolsa munuň üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şu günki okuw sapaklarynda ýaşlaryň ele alan ylym-bilimleriniň, öwrenen hünär endikleriniň ýurdumyzyň bagtyýar ertirini üpjün etjekdigi ikuçsuzdyr.

Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Gülşat Aýhanowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

  • 27
  • 20.09.2019