MAKALA

Alabaý—ynsanyň ýoldaşy

Gadymy köklere eýe bolan, şu günüň şuglasyna öwrülen peder sözleriniň, türkmen nakyllarynyň pähim-parasadyna, many-mazmun taýdan çuňlugyna «telpek goýaýmaly». «Itim — gutum»,«It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «It ýok öýde tilki gezer» ýaly parasatly sözleriň many-mazmunyny yzarladygyňça türkmenleriň ite bolan garaýyşlarynyň nähili derejede ýokary bolanlygyna göz ýetirýärsiň.

Alymlaryň bellemeklerine görä, ençe müňýyllyk taryha eýe bolan türkmen alabaýlary türkmen halkynyň milliligini dünýä ýaýan gymmatlyklaryň biridir. Türkmen alabaýlary özüniň batyrlygy, mertligi, wepalylygy, agraslygy bilen adamzada ýardam berýän jandar hasaplanylýar. Şu maksat bilen gadymy ýyllaryň taryhyna ýüzlensek, adamzadyň durmuşy üçin alabaýlaryň nähili derejede wajyp wezipäni ýerine ýetirendigine düşünip bileris.

Taryhda söwda ýollary bilen uzak menzillere rowana bolan agyr ýükli kerwenleri, söwdagärleri goramakda, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde türkmen alabaýlarynyň hyzmatynyň ýokary bolanlygyny aýratyn bellemek gerek. Şu sebäpdenem söwdagärler we seýwanlar dürli tebigy şertlere çydamly, batyrgaý tohum alabaý itlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Bu barada hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda giňişleýin gürrüň berilýär.

Türkmen itleri wepadarlygy, batyrlygy bilen ynsan kalbynda orun tutmagy başaran jandar. Şonuň üçinem türkmençilikde itlere öz häsiýetlerine, gadymy köklerine laýyklykda at dakmak däbiniň bolmagy hem ýöne ýerden däldir. Onuň wepadarlygy baradaky rowaýatlaryň arkama-arka yzarlap, şu günlere çenli gelmeginiň sebäbide düşnüklidir.

 Şeýle rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, gadymy döwürler­de bir baý söwdagär bolupdyr. Di­ňe bir baýlygy däl-de, eýsem, parasatlylygy bilen hem adygan bu baýyň hemmeler tarapyndan geňlenýän bir häsiýeti bar eken. Onuň bu häsiýeti — özüne dost tutunmaýanlygy eken. Günler­de bir gün ýaňky baý öňünden çykan bir derwüşi öýüne myhman alýar. Ol gysylman, bar bolan nazu-nygmatlary bilen myhmany hezzetleýär. Munuň üçin derwüş baýa hoşallyk bildirýär we ondan: «Eý, Allanyň nazary düşen ynsan, seniň merdemsiligiňe, weliligiňe, parasatlylygyňa gözüm gidýär. Ýöne näme üçindir şeýle gowy hä­siýetli bolsaňyz-da, dostly bolmak ýaly düşünjeden daşda?» diýip, geňgalyjylyk bilen soraýar. Baý köp pikirlenmän, gap­dalynda ýatan alabaý itiniň başyny sypalap: «Ine, şundan gaýry-da wepaly, batyrgaý, ynamdar dost bolarmy?» diýip jogap beripdir.

* * *

It we onuň bilen bagly bolan düşünjeleriň ählisi häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýär, tersine has-da berkeýär. Bu babatda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaý itiniň — Wepalynyň keşbiniň kabul edilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Adalatly we aýgytly hereket edip, ezberligi bilen tapawutlanýan alabaý itleriniň abraýyny belende göteren bu waka altyn harplar bilen taryhyň gatlarynda orun tutdy. Ynsan durmuşynyň wepaly kömekçisi hökmünde belli bolan alabaý itlerimiz dostluk serhedimiziň goragynda hem wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Alabaý serhetçileriň ýakyn ýoldaşyna, jogapkärli gullugynda bolsa egindeşine öwrülýär. Ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmesine barmagy, ol ýerde serhetçi esgerler bilen didarlaşmagy we olara ýedi sany alabaý itini sowgat bermegi serhetçileriň başlaryny Göge diredi. Bu ýerde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alabaý itlerine at dakmak, ösdürip ýetişdirmek barada beren gyzykly gürrüňleri serhetçi esgerler üçin jogapkärli gullugynda zerur maglumat boldy.

Her bir eserini parasatly pikirlere, taryhy maglumatlara gaplap döredýän mähriban Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň türkmen alabaýlary barada bolmagy hem, milli gymmatlyklarymyza bolan sarpanyň alamatydyr. Goý, şeýle parasatly işleri bilen milliligimizi dünýä derejesine çykaran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin, kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Baýram Gutlyýew,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby

  • 49
  • 20.09.2019