MAKALA

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümi başlaýar

Futbol muşdaklarynyň iň söýgüli ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümine 17-nji sentýabrda badalga berler. Şol gün UEFA Çempionlar ligasynyň 28-nji, umumylykda ýaryşyň 65-nji möwsüminiň toparçalardaky ilkinji duşuşyklary oýnalar. 32 klubuň çykyş edýän ýaryşyna Italiýanyň “Atalanta” kluby ilkinji gezek gatnaşýar. Ol Çempionlar ligasynda çykyş etjek 141-nji klub bolar. 32 topar 16 ýurda wekilçilik edýär.

Ýaryşa iň köp gatnaşan klublar “Real Madrid” bilen “Barselona” bolup, olar 28 möwsümde 24-nji gezek toparçalarda çykyş ederler. Toparçalarda iň köp çykyş eden futbolçylar Iker Kasilýas (94 oýun), Kristiano Ronaldo (83 oýun) hem-de Hawi Hernandesdir (80 oýun). Toparçalarda iň köp gol geçiren futbolçylar Lionel Messi (66 gol), Kristiano Ronaldo (61 gol) hemde Karim Benzemadyr (43 gol). To­parçalardaky 6 duşuşygyň hemmesinde ýeňiş gazanmak “Mi­lan” (1992/93), PSŽ (1994/95), “Spar­tak Mosk­wa” (1995/96), “Bar­se­lo­na” (2002/03) hem-de “Real Madrid” (2011/12, 2014/15) klublaryna başartdy.

1-nji oýunlara ser salsak, “A” toparçada PSŽ öz meýdançasynda “Real Madridi” kabul eder. “D” to­parçada “Atletiko Madrid” bilen “Ýuwentusyň” arasyndaky oýun hem janköýerleriň esasy üns merkezinde bolar. “E” toparçada soňky çempion “Liwerpul” myhmançylykda “Napoli” bilen duşuşar. “F” toparçada “Barselona” ilkinji duşuşygyny myhmançylykda Dortmundyň “Bo­russiýasynyň” garşysyna geçirer. Bu duşuşyklar 1-nji tapgyryň iň esasy oýunlary hasaplanyp, olar 17–18-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.

  • 28
  • 20.09.2019