MAKALA

Sumerler hakda söhbet

Türk arheology A.M.Mansel Hindistandan, Günorta Türkmenistandan, Yrakdan, Siriýadan, Müsürden, Egeý deňziniň etraplaryndan dürli ýyllarda toplanan nagyşly keramikalara syn berip, olaryň sumer medeniýeti bilen meňzeşligini kesgitledi we sumerleriň gelip çykyşynyň häzirki Bäherden — Änew etraplaryny öz içine alandygyny görkezdi.

Sumerleriň gadymy türkilerdigi hakyndaky nazaryýeti ösdürjek bolsak, onda biz olaryň dünýä medeniýetine goşan saldamly goşandynyň ykrar edilendigini gürrüňsiz bellemelidiris. Döwürdeş gazak şahyry Aron Ahmet özüniň «Şumer-name» poemasynda olaryň ykbalyny şahyrana dilde şeýle beýan edipdir:

Nireden we kim biz? Hiç kese däl aýan...

Taryhçylar tagmaladylar —

«Diňe ýer üçin gaýdan!»

Bolsun, goý, şeýle! Pederlere kylyp tagzym,

Beýik Hudaýlara, jebirlere kylyp tagzym,

Bizi ýençgilän ajy ykbaly

Kasam kylman aňmadylar, asyrlaryň kinesin

Ötenler şa boldy. Guradylar degsin,

Aýralygyň iýmitin...

Sumerleriň bol suwly hem-de mes toprakly Mesopotamiýa göç etmeginiň düýpli sebäpleri bolupdyr. Aslynda, adamzat taryhyndaky bolup geçen we häzirki wagtda hem bar bolan köpçülikleýin göçüşlikleriň birnäçe şertleri bardyr. Akademik A.Jykyýewiň kesgitlemegine görä, olara aşakdakylar girýär: birinjiden, çäkli ýerlerde ýaşaýan halk san taýdan köpelende tebigy resurslar ýetmezçilik edýär. Netijede, olar ýaşaýyş üçin amatly ýerleriň gözleginde bolup, göçüp başlaýarlar, ikinjiden, çäklendirilen möçberlerde migrasiýalaryň bolmagyna taryhda häli-şindi bolup duran uruşlar, harby ýörişler, talaňçylykly çozuşlar sebäp bolup bilýär. Şu görnüşli göçüşlikler mejbury ýagdaýda bolup geçýär.

Häzirki wagta çenli sumerler hakynda beýan edilen edebiýatlarda olaryň migrasiýasynyň sebäbi diňe tebigy betbagtçylyklar bilen düşündirilip gelindi. Muňa, birinji nobatda, Garagumuň çägesiniň medeni zona barha süýşüp gelmegi, ygalyň az ýagmagy sebäpli ýüze çykýan gurakçylyk, Tejen derýasynyň, şol sanda Köpetdagyň çeşmeleriniň suwunyň azalmagy sebäp bolup biler. Elbetde, ýokarky ýagdaýlar, gürrüňsiz, oazisde oturymly ýaşaýan ekerançy kabylalary öz topragyndan mahrum eder. Galyberse-de ýer-suwuň üstünde turýan dawalar, çaknyşyklar kowçum bolup ýaşaýan kabylalaryň göçüp gitmegini çaltlandyrar.

Günorta Türkmenistanda suwarymly ekerançylygyň döremegi we ösmegi üçin şertler irki eneolit zamanynda (b.e. öňki IV müňýyllygyň ahyrynda) ýüze çykýar.

Belli alymlar K.P.Matweýew we A.A.Sazonow sumerleriň uzak Mesopotamiýa göç etmezlerinden ozal, Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda, Köpetdagyň eteklerinde ýaşandyklaryny takyklaýarlar. Bellenmeli ýagdaý, geologiki maglumatlara laýyklykda, sumerleriň Mesopotamiýa aralaşan döwürlerinden has ozal Hazar deňziniň suwy Köpetdagyň demirgazyk eňňitleri bilen Merkezi (Üňüz) Garagumuň çäklerine çenli ýetipdir. Munuň özi sumerleriň iň gadymy, ýagny b.e. öňki VI-V müňýyllyklarda Tejen, Kaka, Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň çäklerinde ýaşandyklaryny tassyklaýar. Bu delili W.Belýawskiý: «Günorta Ikiderýalykda siwilizasiýany döreden, entek köp babatlarda özüniň syrlygyna galýan halk sumerlerdir. Şunlukda, olaryň bu keseki ýurda nireden gelendikleri nämälim bolmagynda galýar. Sumerler we olardan demirgazykda ýerleşen akkad smitleri Günorta Ikiderýalyga Sumer we Akkad adyny goýupdyrlar» diýip teswirleýär.

Amerikan geology R.Pampelli tarapyndan başlanan arheologiýa, soňky ýyllardaky antropologiýa we lingwistika barlaglarynyň netijesinde Mesopotamiýadaky Sumer siwilizasiýasy bilen Günorta Türkmenistandaky Änew, Namazga, Göksüýri we Altyndepe medeniýetleriniň söwda-ykdysady, medeni ugurlardaky gatnaşyklary ýüze çykaryldy.

B.Gereý «Änew» adalgasyny Sumer-Akkad mifologiýasynyň esasy gahrymanlarynyň biri bolan Anu bilen baglanyşdyrypdyr. Ol bu sözüň başky «an» böleginde aýratyn ünsi çekmek bilen, sumer dilinde «an» sözüniň belgisiniň bir ýyldyz bolup, onuň iki hili okalýandygyny, ýagny iki many aňladýandygyny ýazýar. Birinjiden, «an» sözüniň «asman», «ýokary», «uzak» manylary aňladyp, bu sözden «Asman Taňrysy» manysyny berýän «Anu» sözüniň ýasalandygyna, gadymy turan dilinde-de «an» sözüniň Taň­ry manysyny aňladandygyna ünsi çekip, «Änew» sözüniň hem şu sözden gelip çykmagyna esasyň bardygyny anyklaýar. Ikinjiden, alym «an» sözüniň belgisiniň «dingir» görnüşinde-de okalýandygyny, bu sözüň bolsa «Taňry» manysyny aňladýandygyny teswirleýär.

Bu maglumatlar Änew adalgasynyň örän gadymydygyny tassyklaýar. Hakykatdan-da, onuň Asman (Gök), Taňry ady bilen baglanyşykly bolmagy ylmy nukdaýnazardan üns bererliklidir. Döwürdeş amerikan arheologlary K.Lamberg-Karlowskiý we J.Sablow: «Diňe şu ýerde (Mesopotamiýada — B.A.) b.e. öňki VI müňýyllykda, belki ondan hem ozal ilkinji şäher medeniýetleri döräpdir» diýip belleýärler.

(Dowamy bar)

Bäşim Annagurbanow,

arheolog.

  • 34
  • 20.09.2019