MAKALA

Dünýädäki iň güýçli we gymmat bahaly kompýuter

Bu gün siziň ünsüňizi hytaýyň işläp çykarmagynda taýýarlanan Týanhe-1A super kompýuterine çekesimiz gelýär. Bu super kompýuter hytaýyň tehnologiýalarynyň goranmak uniwersiteti tarapyndan işlenilip düzülendir. Bu barada täze kompýuter çalt işleýjiligi boýunça öňki dünýä rekordyny (2.507 petaflops) ozup geçeninden soň habar berip başladylar. Bu kompýuter 14336 prosessor we örän güýçli 7168 NVIDIA ® Tesla ™ M2050 GPU ulgam bilen ulgamlaşdyrylandyr.

Bu kompýuter uly göwrümli gorag işleri üçin niýetlenendir. Kompýuteriň umumy agramy 155 tonna barabardyr we 4,04 MWt elektrik energiýasy bilen işleýändir. Bu super kompýuteriniň düzülmegi we gurnalmagy üçin 88 million amerikan dollary sarp edilendir. Bu bolsa onuň dünýäde iň gymmat kompýuter bolmagyna getirýär.

  • 30
  • 20.09.2019