MAKALA

Soltanyň kasamy

(Dowamy)

 

Soltanyň ýakyn egindeşleri Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagy ikinji watanlary Anadola baryp, köp wagt geçmänkä, 1072-nji ýylyň gyşynyň başlarynda soltan Alp Arslanyň bu panyny terk edendigi hem-de onuň ogly Mälik şanyň soltanlyk tagtyna geçendigi baradaky habary alypdyrlar. Olar özleriniň beýik serkedesi Alp Arslana o dünýäde tükeniksiz iman diläp, hersi öz begliginde ömürleriniň ahyrlaryna çenli soltanyň pentlerini ýerine ýetiripdirler. Anadoly ülkesinde ilkinji ýurt tutunan serkerdeler Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagy soltanyň ol pentlerini soňky göçüp gelen türkmen nesillerine hem galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, meşhur soltan Alp Arslanyň öňden görüjiliginiň netijesinde bu ajaýyp ülke hem türkmen ýurduna öwrülipdir.

948 ýyl mundan ozal bolup geçen Malazgirt söweşi meşhur soltan Alp Arslana şan-şöhrat getiripdir. Bu söweşiň taryhy ähmiýeti barada juda köp taryhçylar belläp geçipdirler. Belli türk taryhçysy we ýazyjysy Mustafa Nejati Sepetçioglunyň on iki kitapdan ybarat romanlar tapgyrynyň ýedi bölümi soltan Alp Arslana, onuň Malazgirt meýdanyndaky taryhy ýeňşine hem-de onuň meşhur serkerdeleri Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagynyň durmuşyna bagyşlanypdyr. 1949-njy we 1970-nji ýylda çapdan çykan «Harby ensiklopediýa» («Военная энциклопедия») atly kitapda meşhur türkmen soltany we serkerdesi Alp Arslana hem uly orun berlipdir.

Halkymyzyň şöhratly taryhynda, gör, ýene-de näçe beýik şahsyýetler bar. Olar barada hem geljekde ylmy işler ýazylyp, halkymyza ýetiriler.

Goý, halkymyzyň şan-şöhrata beslenen ajaýyp taryhyny öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip beren milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan ajaýyp özgertmeleri hemişe üstünliklere beslensin!

Meretguly Öwlýägulyýew, Agajan Ataýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.

  • 36
  • 21.09.2019