MAKALA

Howadan suw öndürýär

Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri gurak çöl howasyndan suw ön-dürip bilýän enjamy işläp düzdüler. Enjamyň synag maksatly ýasalan görnüşi bilen her günde 1,3 litr suw alyp bolýar. Hünärmenler enjamyň hakyky görnüşi bilen her günde 20 müň litr suw öndürip boljakdygyny belleýärler. Arassa suw ýaşaýyş üçin örän ähmiýetli bolup durýar. Şol sebäpli bu ugurda taslamalar durmuşa geçirilýär. Enjam ABŞ-nyň iň gurak ýerleriniň biri bolan Mohawe çölünde synagdan geçirildi. Onuň ilkinji nusgasy 2017-nji ýylda işlenip düzülipdir. Ikinji nusgasy geçen ýyl taýýarlanypdy. Hünärmenler soňky nusganyň geçen ýyldakydan 10 esse netijeli işleýändigini aýdýarlar. Enjam ýokarysyna ýerleşdirilen Gün panelleriniň toplan energiýasy bilen enjam gijesine hem işleýär. Häzirki wagtda onuň günde 7-10 litr suw çykaryp biljek, ululygy howurpeje barabar görnüşi hem işlenip düzülýär. Ululygy sowadyjynyňka barabar bolan görnüşi bolsa, bir hojalygy suw bilen üpjün etmäge niýetlenip, ol her günde 200-250 litr suw öndürer. Hünärmenleriň esasy maksady, bir obany içimlik suw bilen üpjün etjek has uly gurluşy döretmekden ybarat.

  • 23
  • 21.09.2019